«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilip, uly üstünlikler gazanyldy. Biz bu hakykata Balkan welaýatynda alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Daşary ýurtlardan satyn alynýan harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan esasy wezipeleriniň biridir. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi halkymyzyň bagtyýar we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu günki gün Balkan welaýatynyň döwlete degişli, şonuň ýaly-da hususy eýeçilikdäki kärhanalarynda öndürilýän senagat, gurluşyk harytlarydyr azyk önümleri hem dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Önüm öndürijileriň netijeli işlemekleri üçin döredilýän şertler şeýle önümçilikleriň geljekde has giňeldilmegine mümkinçilik döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ilkinji döredileni bolan Demokratik partiýanyň işgärleri hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, wagyz-nesihat işleri arkaly berkarar döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekde ukyp-başarnyklaryny, zehinini gaýgyrman zähmet çekýärler. Bu möhüm işde TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň düzümindäki partiýa guramalarynyň hem 780-den gowragy hemişe maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Welaýatymyzdaky partiýa agzalarynyň umumy sanynyň 32 müňden geçýändigini-de aýratyn nygtamak gerek. Şu günler partiýanyň agzalary edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň arasynda bolup, tamamlanyp barýan ýylda gazanylan üstünlikleri wagyz edip, ýetip gelýän täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda geçirýän çärelerini has-da işjeňleşdirýärler. Şu ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynda gallaçy daýhanlar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirmegi hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň ençemesini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Şanly ýylda kenarýaka Hazar şäherçesinde bir wagtda 500 adamyň namaz okamagy üçin ähli şertler döredilen täze metjit ulanyşa berildi. Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary her biri 40 hojalyga niýetlenip gurlan dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ikisine göçüp bardylar. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynyň merkezinde geljegimiziň eýeleri bolan körpelere niýetlenip gurlan «Arkadagly nesiller» atly çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň ulanmaga berilmegi eziz Diýarymyzyň, hakykatdan hem, bagtyýar çagalygyň ýurdudygynyň aýdyň güwäsi boldy. Serhetýaka Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowolt bolan täze elektrik bekedi işe girizildi. Şonuň ýaly-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ilkinji gezek halkara talaplara doly laýyk gelýän, her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna girişildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, milli hünärmenlerimiziň tagallalary netijesinde, häzirki zaman ylmyna we öňdebaryjy tejribelere daýanylyp, halkara hil ülňülerine doly laýyk gelýän «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjy hem-de «SAE 50 API СF — 4» kysymly motor ýagy öndürilip başlandy. Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisi sowgat berildi. Bu wakalaryň her biri berkarar Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarynyň durmuşda öz beýanyny tapýandygynyň güwäsidir. Dekabr aýynyň dowamynda Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň üç gatly täze binasynyň, Türkmenbaşy şäheriniň iň bir ajaýyp künjeginde milli ykdysadyýetimiziň ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işgärleri üçin 5 sany, her biri 4 gatly, jemi 300 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyp, dabaraly ýagdaýda ulanyşa berilmegi hem welaýatyň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesiniň, bagtyýarlygynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň mysallarydyr. Halkymyzyň abadan ýaşaýşy barada şeýle uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary dowamat-dowam bolsun! Aýjemal Ýagşymämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji “Türkmenistan” gazeti 24.12.2024 ý