Tamamlanan 2024-nji ýyl Ahal welaýatynyň durmuşynda şatlykly wakalara, guwandyryjy üstünliklere baý boldy. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda welaýatymyzyň ilaty täze desgalardyr binalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna şaýat boldy.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem-de Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň toý ruhunda açylyp işe girizilmegi şanly ýyla şan goşan buýsançly wakalar hökmünde taryh sahypalarynda aýratyn orun alar. Şol iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň çäginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyzyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýyny sowgat etmegi adam hakdaky aladanyň rowaçlanýandygyny dabaralandyran wakalar hökmünde ýatda galdy.
Şanly ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Änew şäherinde täze metjidiň açylandygyny, Gahryman hajy Arkadagymyzyň başlangyjy we teklibi esasynda bu metjidiň «Seýit Jemaleddin metjidi» diýlip atlandyrylandygyny hem guwanç bilen bellemelidiris.
Ak bugdaý hem-de Babadaýhan etraplarynda etrap Polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň, Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka etraplarynda kuwwatlygy degişlilikde bir gije-gündizde 20; 15; 10 müň kubmetre deň bolan lagym suwuny arassalaýjy desgalaryň, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kubmetr bolan suw arassalaýjy desgasynyň, Ak bugdaý etrabynyň çäginde hususy pudagyň wekillerine degişli bolan polat turbalary we profilleri öndürýän, kofe we kofe önümlerini öndürýän, şeýle-de nah ýüplük öndürýän kärhanalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi şanly wakalaryň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Şeýle desgalaryň açylmagy bilen welaýatymyzyň ýaşlarynyň ýüzlerçesi üçin döwrebap iş orunlary emele geldi.
Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk täze, döwrebap orta mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy gurlup ulanylmaga berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar günündäki bu sowgady diňe bir bu şäherçäniň ilatynyň däl, welaýatymyzyň agzybir ýaşaýjylarynyň her biriniň göwnüne ganat berdi. Buýsandyran zatlaryň biri-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň badalga alan şol toý gününde welaýatymyzyň ak mekdepleriniň bosagasyndan ätlän 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat edilmegidir.
Welaýatymyzda senagat pudagynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, oba hojalyk toplumynda ýetilen sepgitler hem guwandyryjydyr, buýsandyryjydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçen şanly ýylda welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary däne ýetişdirilen 195 müň gektardan hasylyň 400 müň tonnasyny alyp, bu babatdaky tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler. Welaýatymyzyň «ak altyn» ussatlary gowaça ýetişdirilen 135 müň gektar meýdanyň hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap aldylar. Gök-bakja ekerançylarymyz, maldarlarymyz, ýüpekçilerimiz bolsa şanly ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlediler.
Geçen ýylyň şanly wakalary, guwandyryjy üstünlikleri täze — 2025-nji ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşylap, täze-täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrdy. Ajaýyp pursatdan peýdalanyp, berkarar Watanymyzy, bagtyýar ulus-ilimizi bedew batly ösüşleriň ak ýolundan eşretli günlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
01.01.2025 ý