«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan täze ýyla ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlik bilen gadam goýdular. Täze ýyly garşylaýan pursatlarymyzda «mawy ekran» arkaly hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna baýramçylyk gutlagyny diňlemek has-da täsirli boldy, watandaşlarymyzyň ruhuny belende göterip, täze üstünliklere ruhlandyrdy. «Tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz gutlagynda belledi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň akyldar şahyryň şygyrlary ýaly hümmetli ýyl bolandygyna ýurdumyzyň gündogar sebitinde amala aşyrylan işlerdir gazanylan üstünlikler hem güwä geçýär. Bu ýylda Lebap topragynda kuwwatly sement zawodynyň ikinji tapgyry, sebitde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän ilkinji kärhana, senagat maksatly iri desgalaryň başga-da birnäçesi, täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanyşa berildi. Şanly ýylyň dowamynda welaýatymyzda halkara derejeli çäreleriň ikisi geçirildi. Olaryň birinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen alymlar gadymy Amul galasynyň öwrenilişi barada pikir alyşdylar, ýene birinde bolsa Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ikitaraplaýyn bähbitli gepleşikler geçirildi.
2024-nji ýylda welaýatymyzyň oba hojalykçylary hem uly zähmet üstünliklerini gazandylar. Ösüşiň beýleki ugurlarynda ýetilen sepgitler üçin hem welaýatymyzyň agzybir ýaşaýjylarynyň alkyş-hoşallygynyň çägi ýok. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy täze, 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Halmyrat Setdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy
“Türkmenistan” gazeti
03.01.2025 ý