Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu Kararnamanyň kadalary BMG-niň deňlik we dawalary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine esaslanýan halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça esasy taglymatyna laýyk gelýär.

Resminamada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda möhüm orun tutýan adalgalardyr, gymmatlyklardyr. Mälim bolşy ýaly, halkymyz gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak düşünjelerine çuň many-mazmuny özünde jemleýän adalgalar hökmünde garapdyr. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda ylmy we tejribe taýdan delillendirip, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti baradaky beýan eden garaýyşlary, taryhy mysallary doly tassyklaýar. Bu ajaýyp kitapda: «Il-halkyň mertebesi üçin erkanalykdan, asudalykdan, ýurdumyzyň nuranalygyndan, eldegrilmesizliginden gymmatly zat ýokdur» diýip nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyz parahat durmuşda ýaşamak, asudalygyň hem-de bolçulygyň hözirini görmek üçin il agzybirliginiň gerekdigini aýratyn belleýär. Şonuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz adamzadyň beýik geljeginiň parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýandygyna okyjynyň ünsüni çekip, halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ylalaşyklylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mazmunyny baýlaşdyrýandygyny beýan edýär.

Adamzat ýaşaýşynyň parahatçylyga, ynanyşmaga, goraga we howpsuzlyga zerurlygy hemmelere mälim hakykatdyr. Parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň usullary bolsa örän köpugurlydyr. Halkara gepleşikler we maslahatlaşmalar, taraplaryň hoşmeýilli hyzmatdaşlygyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasy-diplomatik hereketleri, ylalaşdyryjy iş ýörediş tertipleri halkara hukugynda parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň umumy ykrar edilen serişdeleri hasaplanylýar.

Ýeri gelende bellesek, ýaňy-ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama», şeýle-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünlikleriniň üstüni ýetirdi. Bu üstünlikler Milletler Bileleşigi bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagy, dünýä döwletleriniň bu Kararnamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etmegi Bitarap ýurdumyz üçin örän uly abraýdyr. Täze Kararnamanyň kabul edilmegi ata Watanymyzyň ählumumy derejede parahatçylygy goramak, ýurtlaryň arasynda birek-birege ynamy berkitmek, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň giň goldaw tapýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyndan ugur alnyp hem-de halkyň teklibi göz öňünde tutulyp, ýurdumyzda şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi kalplarda buýsanjy artdyrdy. Çünki ynam bar ýerinde ösüş, özgeriş bar. Ynam bar ýerinde parahatçylyk, agzybirlik bar.

Halkymyza bagtyýarlygy bagyş edýän, dünýä halklarynyň parahat ýaşaýşyny nazarlaýan başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Didar Osmanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

09.01.2025 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti