Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz uly ruhubelentlige, şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramçylygynyň garşylanýan günlerinde «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyzy guwandyrdy, buýsandyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eseri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen şöhratlanan geçen ýylyň jemlerine bagyşlanýar. «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyň başynda beýik söz ussadynyň «Türkmeniň» we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgularynyň ýerleşdirilmegi onuň mazmunyny baýlaşdyrýar. Kitapda geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çäreler barada buýsanç bilen söhbet açylýar. Şeýle hem eserde hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň gaýtalanmajak döredijilik dünýäsi, gymmaty egsilmejek pikir-garaýyşlary hakynda belläp geçýär. Bilşimiz ýaly, akyldar şahyrymyzyň goşgulary häzirki zaman türkmen jemgyýetinde kämil şahsyýeti kemala getirmegiň beýik mekdebidir. Söz ussadynyň eserleriniň dünýäniň dürli dillerine neşir edilmegi, paýtagtymyzda geçen ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şanly ýylyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň hatarynda mynasyp orun tutýar. Kitapda bular barada aýratyn buýsanç bilen bellenilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmaty egsilmejek ajaýyp eserinde geçen ýylyň dowamynda geçirilen taryhy ähmiýetli çärelerde eden çykyşlary hem ýerleşdirilipdir. Kitap üç dilde bolup, ol dünýä jemgyýetçiligi üçin hem elýeterlidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiziň beýik Pyraga bagyşlap ýazan ajaýyp kitaby söz ussadyna goýulýan belent hormatyň nyşany bolmak bilen birlikde, halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Goşa şatlyk köňüllere buýsanç bagyşlaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu gymmaty egsilmejek ajaýyp kitaby çeper sözüň gudratyna sarpa goýup bilýän bagtyýar ildeşlerimiziň ýankitabyna öwrüler. Halkymyzyň şatlygyny goşalandyryp, beýik söz ussadyna belent hormat goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!
Allanazar Müňbaýew, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
09.01.2025 ý