Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Parahatçylyk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan halkdyr» diýip belleýär. Bagtyýar döwrümizde bu ýörelgeleriň dabaralanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunda anyk beýanyny tapýandygyny we onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny bellemek ýakymlydyr.
Döwletimiziň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ähli halklaryň bähbidine netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barýan ynsanperwer tagallalarynyň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny geçen ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy hem aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk medeniýetini we hormat goýmak dialogyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleriniň aýdyň beýany bolup durýar.
Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi çuň mana eýedir. Ilkinji nobatda, munuň özi hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleleriň oňyn çözülmeginde öňe sürýän teklipleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Şu ýylda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyryljakdygy, ýurdumyzda halkara derejeli çäreleriň geçiriljekdigi her birimizi buýsandyrýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzde uly gujur bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň taryhy ösüşlerine goşant goşarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyz okgunly ösüşleriň ak ýoly bilen has-da öňe gitsin, şan-şöhraty dünýä dolsun!
Hoşgeldi Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň başlygy
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
15.01.2025 ý