Şöhrata beslenjek ýyl bolar
Biz Täze — 2025-nji ýyla uly ruhubelentlikde gadam basdyk. Bu ýyl döwletimiz üçinem, türkmen halky üçinem şanly ýyllaryň biri bolar. Çünki, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyna şu ýyl 30 ýyl dolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan asyrlara barabar işler, jemgyýetimizde bolup geçýän giň möçberli özgertmeler halkymyzyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Eziz Diýarymyz bu gün ykdysadyýetde, syýasatda, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, medeniýetde öz nusgawy ýoluny goýup, bütin dünýäde uly abraý gazanýar. Ýurdumyzyň şeýle ýokary depginler bilen ösmegi we dünýädäki abraýynyň barha ýokarlanmagy asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň höküm sürmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň datly miwesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, parahatçylyksöýüji içeri we daşary syýasatynyň ähmiýeti diňe sebitde däl, eýsem, dünýäde barha artýar. Hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna esaslanýan bu syýasatyň dünýä ähmiýeti aýdyň hakykatdyr.
Oňyn Bitaraplyk Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyksöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejesi Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin amatly şertleri döredýär. Döwletimiz goňşy ýurtlar, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän her bir başlangyjy parahatçylyga, hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Bu başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl — “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edildi. Şeýle hem döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisi 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada karar kabul etdi. Bu şanly waka syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň öňünde uly wezipeleri goýýar. Biz 2025-nji ýylyň şeýle atlandyrylmagynyň syýasy, taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek boýunça ähli çäreleri geçireris.
Türkmen halkymyzy parahat, asuda durmuşda, eşretli zamanada ýaşadýan, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Kakageldi Gurbanow, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
16.01.2025 ý