IŞJEŇLIGIŇ AJAÝYP NUSGASY

Ýurdumyzda birleşdiriji we ugrukdyryjy syýasy guramalar hökmünde hereket edýän syýasy partiýalaryň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işleri, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, berkarar döwletimizde agzybirligiň hem jebisligiň höküm sürmegine, ylalaşygyň we sazlaşygyň has hem pugtalanmagyna örän oňaýly täsirini ýetirýär. Bu gün Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzda täsirli syýasy-jemgyýetçilik güýje öwrüldi.

Ol özbaşdak we erkin syýasy gurama bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary esasynda alyp barýan syýasatyny, maksatnamalaryny we beýik tutumlaryny durmuşa geçirmäge, raýat jemgyýetiniň kämil derejede guralmagyna mynasyp goşant goşýar. Çünki bu wezipeleri berjaý etmek berkarar döwletimiziň röwşen ertirini gurmakdyr. Röwşen ertiri gurmak bolsa eziz Diýarymyzyň dowamat-dowamlygyny üpjün etmekdir.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti we ilkinji partiýa guramalary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işlerini, durmuşa geçirýän täze başlangyçlaryny halk köpçüligine giňden düşündirmekde netijeli işleri alyp barýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna bagyşlanan syýasy, medeni-köpçülik çärelere giňden orun bermek bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň many-mazmunyny, olaryň baý taryhy maglumatlaryny, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini giň halk köpçüligine ýetirmekde şäher häkimligi, beýleki jemgyýetçilik guramalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen agzybirlikde wagyz-nesihat çärelerini, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýär.

Işjeň partiýa agzalarymyz Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinden ruhlanyp, iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny ýol-ýörelge edinýän ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalary, hususan-da, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talabyny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda iş alyp barmak bilen, ýurtda milli demokratiýanyň giňden dabaralanmagy, halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda mundan beýläk hem tutanýerli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezjekdigine ynandyrýarys.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryna berýän uly ünsi we goldawy, netijeli işlemek üçin döredip berýän ajaýyp şertleri, alyp barýan wagyz-nesihat, düşündiriş işlerimize berýän bahasy üçin hoşallygymyzy bildirýäris.

Aýsoltan Nurmedowa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri

“Daşoguz habarlary” gazeti

03.11.2022 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti