Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi

Adamlar birek-birege ynam bildirende, çyndan ynanan ýagdaýynda olaryň arasynda dostluk gatnaşyklary ýüze çykýar. Birek-birege tüýs ýürekden ynamyň, ynanyşmagyň bar ýerinde bolsa agzybirlik, parahatçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk öz hökümini ýöredýär. Bu halklar, döwletler barasynda aýdanyňda hem şeýledir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda şeýle setirler bar:

Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi,
Ýazylsyn, giň ýazylsyn agzybirlik suprasy,
Tämiz niýet, ýagşy päl — budur dünýäň gudraty,
Giň dünýäniň hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Gyzyldan gymmatly bu jümleleriň many çuňlugyna aralaşanyňda, türkmen halkynyň ata-babalardan gelýän asylly ýörelgeleriniň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň ynsanperwer syýasatynyň özenine göz ýetirýärsiň. Halklaryň dost-doganlyk köprüsiniň barha mäkämleşmegi üçin tagalla baryny edýän, agzybirlik suprasyny giňden ýazyp, halkynyň tämiz niýetini, ýagşy pälini äleme ýaýýan, giň dünýäniň hakyna belent maksat tutan, şeýdibem, parahatçylygyň, ynanyşmagyň Watanyna öwrülen eziz Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň arşa göterilen döwründe ýaşamagyň, işlemegiň, döretmegiň, gurmagyň ykbalyň bize eçilen uly bagtydygyna bu goşgyny okap çykanyňdan soňra has-da aýdyň göz ýetirýärsiň.

Bilşimiz ýaly, şan-şöhratly wakalara beslenýän täze eýýamyň iki ýylynyň sepgidinde Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu taryhy çözgüde gelinmeginde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan ugur alynmagy ýylyň şygarynyň many-mazmun aýratynlygyny has-da belende göterdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Sebäbi ýurdumyzyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost--doganlygyň mekany hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolmagynda Milli Liderimiziň bitiren hyzmatlary, durmuşa geçiren ägirt uly işleri äleme nusgalykdyr. Häzirki döwürde şol beýik işleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda rowaçlyklara beslenýändigini nygtamak bolsa aýratyn ýakymlydyr.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Garaşsyz Türkmenistan döwletine hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlenine 30 ýyl dolýan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bagtyýar türkmen halkynyň tüýs ýürekden çykýan isleginiň, arzuwynyň hasyl bolmagydyr. Bu hakykata täze ýylyň ilkinji günlerinden ýylyň şygary mynasybetli badalga berlen, Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşdyr hoşallyk sözlerine beslenýän dürli çärelerde edilýän buýsançly çykyşlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Nurbibi Dädebaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri

"Balkan" welaýat gazeti

23.01.2025 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Balkanabat şäher komiteti