Garabogazyň islegli karbamidi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlarynda hemişe nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun degişlidir. Biz hem parasatly döwlet Baştutanymyzyň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, wagyz-nesihat işleri arkaly berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny halk köpçüligine düşündirýäris. Bu möhüm işde TDP-niň welaýat komitetiniň düzümindäki partiýa guramalarynyň 780-den gowragy iş alyp barýar. Olar berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek bilen hem çäklenmän, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda halal zähmet çekip, ýokary üstünlikleri gazanmagyň hötdesinden gelýärler. Garabogaz şäherçesindäki «Garabogazkarbamid» zawody hem muňa anyk mysaldyr. Kärhanada içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, bäsdeşlige ukyply mineral dökün bolan karbamidiň önümçiligi döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Bu ýerde geçen ýyl 1 million 201 müň tonna golaý karbamid döküni taýýarlanyldy hem-de önümçiligiň ösüş depgini 107 göterime çenli ýokarlandy. Garabogazly himiýaçylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem ynamly gadam basdylar. Şu ýylyň ýanwar aýynda bu ýerde 70 müň tonna karbamid taýýarlamak baradaky meýilnama möhletinden öň artygy bilen ýerine ýetirildi.

Toplum döwletimizde milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmekde yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler esasynda guruldy. Onda 10 müň tonnalyk ammiak ammary, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlar, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desga, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatory, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalar, şonuň ýaly-da, beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesi bar.

Aslynda, «Garabogazkarbamid» zawody ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny doly üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde giň mümkinçiliklere eýe bolan kärhanadyr. Häzirki wagtda bu kärhananyň öndürýän önümine daşarky bazarlarda, esasan hem, Ýewropa ýurtlarynda isleg barha artýar. Munuň şeýledigine Hazaryň mawy giňişliklerinden kärhananyň deňiz duralgasyna ýüzüp gelýän, yzy üzülmeýän ýük gämilerini synlanyňda-da magat göz ýetirýärsiň.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlaryndan ruhlanýan «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri öz öndürýän önümleri bilen ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň, esasan hem, oba hojalygynyň zerurlyklaryny üpjün etmegi baş maksat edinýär. Dünýäniň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän karbamid zawody hem bu asylly maksadyň myrat tapmagynda, ata Watanymyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda mynasyp orny eýeleýär. Olaryň geçen ýyl ýurdumyzyň oba hojalykçylaryna sargytlar boýunça iberen karbamidiniň möçberi 74 müň tonnadan hem köp bolup, içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrypdyr. Kärhanada karbamid öndürmek üçin esasy çig mallaryň biri bolan tebigy gaz «Gündogar – Günbatar» magistral gaz geçirijisinden alynýar.

Kärhana barada giňişleýin gürrüň etmegimiziň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Çünki daşky gurşawy gorap saklamakda ähli zerurlyklar ýokary derejede göz öňünde tutulyp gurlan bu uly kärhanada häzirki wagtda öz işine birkemsiz erk edýän dürli kärdäki ýerli hünärmenleriň bir müňden gowragy ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagy başarýar. Olaryň 159-synyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasy bolmagy has-da buýsandyrýar.

Geçirilýän çäreleriň her biri garabogazly himiýaçylary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Topragyň ähli görnüşleri we ähli ekinler üçin giňden ulanylýan karbamide bolan islegiň barha artmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleridir inžener-tehniki işgärleri şeýle kämil we ýokary kuwwatly kärhanada halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artmagyna önjeýli goşant goşmaga döreden mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar.

Guwanç Çendirow, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

28.01.2025 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -