Milli Liderimiziň parahatçylyk ýörelgesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly badalga aldy. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa 86 döwlet awtordaş bolup gatnaşdy. Kararnamada öňe sürülýän maksatlaryň häzirki zaman halkara gatnaşyklary babatda döwletimiziň tutýan ýoly hökmünde Milletler Bileleşiginde öňe sürýän garaýyşlaryna, daşary syýasat strategiýasyna doly laýyk gelýändigi we hemmelere bähbitli bolan ählumumy ýörelgelere esaslanýandygy aýratyn bellärliklidir.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk döredijilikli syýasatyň döwrebap ýörelgelerini kemala getirmekde köp işleri bitirýän, dünýäde ykrar edilen Milli Liderdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly düýpli filosofik garaýşynyň dürli başlangyçlar, halkara çäreler, hereket maksatnamalary arkaly yzygiderli we netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde abraýyny belende göterýär. Ýurdumyzyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ynanyşmaga we arkalaşykly hereket etmäge gönükdirilen tagallalary halkara derejede işjeň ýagdaýa eýe bolýar.

Türkmen halky täze taryhy döwrümiziň ajaýyp seneleriniň birine — hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek ýörite Kararnama bilen ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär. Bitaraplyk has giň mana eýedir. Ol diňe öz ýurdumyzyň parahatçylykly ösüş ýoluny kepillendirmän, eýsem, dünýä ösüşiniň, adamzadyň geljeginiň hem hukuk we ruhy ýagdaýyny alamatlandyrýar. Çünki bitaraplyk syýasaty dünýä ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýlarynyň çäginde halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen düzgünlerine ähli döwletleriň we jemgyýetleriň eýermegini gazanmakda döwrüň täze filosofiýasy hökmünde öňe çykýar. Türkmenistan bitaraplyk syýasatyny ösdürmek bilen, häzirki dünýä gatnaşyklarynyň täze garaýyşlaryny düýpli hem-de ulgamlaýyn kemala getirýär, halkara derejä çykarýar. Bu tagallalar dünýäniň giň goldawyna mynasyp bolýar. Adamzat ýaşaýşynyň geljegini kepillendirmäge gönükdirilen islendik ýörelge dünýäde ýagşy umyt döredýär. Çünki ählumumy gülläp ösüşiň ýolunda ýüze çykýan päsgelçilikler, gapma-garşylyklar ýaşaýşy sazlaşdyryp biljek her bir täze başlangyja ynamy güýçlendirýär.

Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk ýörelgesini döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasyna öwrüp, dünýäde giňden dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýoly üstünlikli dowam etdirýär. Türkmeniň ýaşyl Tugy asudalygyň nyşany, Döwlet senamyz bolsa parahatçylygyň we ynanyşmagyň owazydyr. Baýdagymyz Ýer ýüzüniň haýsy künjeginde pasyrdasa, Döwlet senamyz nirede ýaňlansa, şol ýerde dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk, ynanyşmak bar. Döwletimiziň abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýäde şeýle belent derejä çykmagy bitaraplyk syýasatymyzyň üstünligidir. Häzirki döwrüň syýasy, durmuş, ruhy ösüşiniň nusgasyny kemala getirmekde Bitarap Türkmenistanyň has öňe gidendigini ikirjiňlenmän aýdyp bolar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň beýik taryhy ornuna, milli we ählumumy derejedäki wajyp ähmiýetine güwä geçýän hakykatdyr.

Şu ýylyň 3-nji ýanwarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky» Permana gol çekdi. Bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklyk etmelidigi bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 9-njy ýanwarynda guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi we bu baýramçylyk dabaralaryny, halkara çäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ornuny ýokarlandyrmak hem-de döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny ösdürmek babatda Milli Liderimiziň baý, netijeli syýasy tejribesini göz öňünde tutanymyzda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň işine ýolbaşçylyk etmegiň Halk Maslahatyna tabşyrylmagy öz-özünden düşnüklidir. Munuň özi, bir tarapdan, ýurdumyz hem-de halkara jemgyýetçilik üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň iňňän möhümdigini görkezse, beýleki bir tarapdan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde ykrar edilen uly abraýyna we tejribesine bolan beýik hormaty görkezýär.

Halk Maslahaty halkymyzyň täze döwrüň jemgyýetçilik-syýasy ösüşlerine uýgunlaşmagyna düýpli ýardam bermekde, döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş ösüşleriniň maksatlaryna, ugur-ýollaryna anyk göz ýetirmegini gazanmakda binýatlaýyn möhüm düzümleriň biridir. Ol dürli ýyllarda hukuk we guramaçylyk-syýasy taýdan özgerdilse-de, öz işiniň we maksatlarynyň mazmuny boýunça asyl ornuny saklap geldi. Hemişe döwlet bilen halkyň arasyndaky mizemez agzybirlik köprüsine, milli demokratiýamyzyň döwrebap nusgasyna öwrülip, ösüşlerimiziň badalgasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, kanunçylyga laýyklykda, ýerlerdäki halk maslahatlarynyň işini utgaşdyrmagyň hem merkezidir. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanunda halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň baş maksadynyň we esasy wezipeleriniň döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda özgertmeleri we durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek bolup durýandygy, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de döwletimizi mundan beýläk-de beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösdürmäge, has-da kuwwatlandyrmaga ýardam bermekdigi aýdylýar. Halk Maslahaty Konstitusion kanunda kesgitlenen bu wezipeleri halkymyzyň uly goldawyny, tutanýerli zähmetini, ägirt uly watansöýüjilik ruhuny beýik maksatlaryň daşynda jebisleşdirmek bilen, üstünlikli ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şöhratly ösüşleriniň ýyl ýazgysydyr. Ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer taýdan nähili ösüşler gazanylan bolsa, taryhy ähmiýetli özgertmeler, maksatnamalar durmuşa geçirilen bolsa, olaryň ählisi halkyň wekilleriniň goldamagynda Halk Maslahatynyň mejlislerinden gözbaş aldy. Halk Maslahatynyň her ýyl geçirilýän mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýerine ýetirilýän beýik işler we göz öňünde tutulýan möhüm maksatnamalar hakda çykyş etmegi bu umumymilli forumy döwlet bilen halkyň tagallalarynyň, maksatlarynyň birleşýän, bitewüleşýän ýerine öwürýär. Halk Maslahaty türkmen halkynyň berkarar döwletimiziň ösüş ýollaryna goldawynyň we ynamynyň iň bir aýdyň ýagdaýda ýüze çykýan agzybirlik ojagydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagynda, bu şanly toý-baýramlar ýylynyň dowamyndaky işleriň we ileri tutulýan ugurlaryň Konsepsiýasynyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermeginde uly işleriň bitiriljekdigine söz ýok. Çünki Türkmenistan Watanymyz dünýä derejeli, uly tutumly seneleri, baýramlary, dabaralary ýokary derejede geçirmegiň nusgalyk mekany hökmünde tanalýar. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen guralýan ähli halkara çäreleriň parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmaga gönükdirilýändigi, olarda ýaňlanýan belent şygarlaryň halklary asuda durmuşa, ynanyşmaga we hyzmatdaşlyga çagyrýandygy bütin dünýä mälimdir. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyçlaryna, maksatnamalaryna Birleşen Milletler Guramasynda uly ynam we umyt bilen garalýar. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 14-nji ýanwarynda BMG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş bolanda-da, häzirki zamanyň ählumumy meseleleri barada pikir alyşdy. Şonda Baş sekretaryň Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň häzirki wagtda örän derwaýysdygyny bellemegi hem-de bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda bu ugurda durmuşa geçirýän işlerini goldamagy Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatda tutýan ýolunyň dünýä ähmiýetli ýoldugyna ýene bir gezek güwä geçýär.

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş ýurt hökmünde uly abraý gazanmagynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatlarynyň, döwrüň zehinli syýasatçylary, parasatly döwlet ýolbaşçylary hökmündäki belent taryhy orunlarynyň ähmiýetini aýratyn nygtamak zerurdyr. Rowaçlygyň iň möhüm sütüni döwlet Baştutanyna her bir adamyň, raýatyň tüýs ýürekden bildirýän ynamydyr. Halkyň şu gününe, geljegine, ýurduň Konstitusiýasyna kepil bolan hormatly Prezidentimiziň hem-de halkyň ruhy, aňyýet, jemgyýetçilik bitewüliginiň jogapkärçiligini öz üstüne alan Milli Liderimiziň bitirýän ägirt uly işleriniň döwür üçin iň esasy taryhy zerurlykdygyna, ruhy daýançdygyna hemmeler oňat düşünýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik taglymatlarynyň saýasynda türkmen halkynyň şu güni ösüşlidir, geljegi röwşendir. Çünki biziň ösüşlerimiziň baş şygary — «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty

“Türkmenistan” gazeti

01.02.2025 ý

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -