Ministrler Kabinetiniň 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi.
Berkarar Watanymyzda her ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň etraplarynyň biriniň ýylyň etraby diýlip yglan edilip, etrap häkimligini Şa serpaýy — 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi.
Ine, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şeýle buýsançly waka bolup geçdi. Döwlet Baştutanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça Sakarçäge etrabynyň iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilmegi mynasybetli etrabyň ähli halkyna Gutlagyny iberdi. Bu şatlykly waka etrabyň ýaşaýjylaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, olaryň eziz Watanymyza bolan buýsançlaryny has-da artdyrdy.
Düýn Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şährçesinde Şa serpaýyny – 1 million amerikan dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Oňa Mary welaýat, etrap häkimlikleriniň, syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalary we beýlekiler gatnaşdylar.
Her bir güni taryhy wakalar bilen şöhratlandyrylan 2024-nji ýylda milli maksatnamalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň kuwwatyny has-da artdyrmak, şäherdir obalarymyzy, sebitlerimizi depginli ösdürmek, ilatymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly işler amala aşyryldy. Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby durmuş-ykdysady we medeni taýdan ýurdumyzyň has depginli ösýän etraplarynyň biri bolmagy başardy. Bu etrapda durnukly ykdysady ösüş gazanylyp, sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar, innowasion tehnologiýaly täze önümçilikler döredilýär. Telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar, ilkinji nobatda bolsa, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ösdürilýär.
Geçen ýyl etrapda oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi gazanyldy. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, suw we gaz geçirijileri çekmek, dik guýulary gurmak, telefon aragatnaşyk ulgamy bilen bagly meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi. Etrapda raýatlar üçin iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasynyň gurluşygyna girişildi. Etrabyň obalarynda täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, söwda merkezleri we beýleki binalar guruldy.
2022-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly açylan 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň Sakarçäge etrabynyň durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlary üçin sowgat berilmegi, 2024-nji ýylda etrabyň Şatlyk şäherinde 300 orunlyk metjidiň we 300 orunlyk sadaka jaýynyň gurulmagy «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Etrapda ilatyň islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, uzak möhletleýin bank karzlarynyň hasabyna ençeme ýaşaýyş jaýlary gurlup berildi.
Şanly ýylda etrabyň çäginde hususy pudaga degişli hyzmat ediş we söwda desgalarynyň uly topary gurlup, işe girizildi. Ýurdumyzda hususy pudagyň wekillerine berilýän goldaw-hemaýatlar, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, olaryň höwesli işlemegini gazanmak we zähmet işjeňligini ýokarlandyrmak, şeýle-de içerki bazarlar we eksport üçin ýokary hilli önümçilikleri döretmek, ekologik taýdan arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek ugrunda edilýän tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda etrabyň çäginde innowasion tehnologiýaly häzirki zaman önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy işe girizildi. Olarda ýerli serişdeleriň hasabyna eksport ugurly, köp görnüşli önümleriň, şol sanda mebelleriň, azyk önümleriniň, hojalyk harytlarynyň, tikin önümleriniň, gurluşyk we ýuwujy serişdeleriň önümçiligi alnyp barylýar.
Etrabyň zähmetkeşleriniň bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, miwe, gök we bakja önümleriniň, piläniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gazanýan üstünlikleri hem guwandyryjydyr. Etrapda «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygy tarapyndan düýeleriň baş sanyny artdyrmakda hem gowy netijeler gazanylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt depginler bilen ösýän döwlete öwürmek, halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde belent maksatlar durýar.
Hormatly Prezidentimiziň Sakarçäge etrabynyň ähli ilatyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, öňde belent wezipeler durýar. Şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biz Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgimiz bilen yhlasly, tutanýerli zähmet çekmelidiris. Döwlet Baştutanymyz bu belent wezipeleri amala aşyrmaga Sakarçäge etrabynyň zähmetkeşleriniň hem işjeň gatnaşyp, ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna, kabul edilýän maksatnamalary ýerine ýetirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän ynamyny ödemek üçin etrabymyzyň ýaşaýjylary tutanýerli zähmet çekip, uly üstünliklere eýe bolarlar.
Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
11.02.2025 ý