Sarahs etrabynyň hojalyklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gowaça ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň depgini günsaýyn batlanýar. Etrabyň pagtaçy babadaýhanlary ajaýyp şygarly ýyly bol hasylly ýyla öwürmekligi maksat edinýärler. Munuň üçin etrap boýunça 18 müň gektar meýdana gowaça ekilip, şol meýdanlardan 36,9 müň tonna «ak altyn» öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu borçnamany artygy bilen berjaý etmäge gol beren pagtaçy babadaýhanlar şu günler ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak ugrunda arman-ýadaman zähmet çekýärler we tehnikalaryň taýýarlygyna hem aýratyn üns berýärler.
Täze ýylyň hasylynyň düýbi tutulýan meýdanlarda ýaz ekişine degişli ähli çäreler göwnejaý meýilleşdirilipdir. Şeýlelikde, gowaça ekiljek meýdanlaryň 14 müň 800 gektarynda gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten-14» görnüşini, 1 müň 500 gektarynda orta süýümli «Ýolöten-39» görnüşini, 1 müň 500 gektarynda bolsa orta süýümli «Jeýhun» görnüşini ekmek bellenilýär. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 6-sy, daýhan hojalyklarynyň 97-si, şeýle hem Sarahs önümçilik kärhanasy gowaça hasylyny ösdürip-ýetişdirmek maksady bilen, ýerleri agrotehnikanyň talapalaryna laýyklykda, şu günlerden işläp-bejerýärler. Ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly bolan bu işleriň birkemsiz we öz wagtynda alnyp barylmagynyň netijesi ýokary hilli gowaça çigidiniň üpjün edilmegi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýokary hilli çigit bilen üpjün edilmek pagtaçy babadaýhanlaryň zähmetiniň ýerine düşmegi üçin zerur bolan iň möhüm şertdir. Şu nukdaýnazardan, taýýarlanýan gowaça çigdiniň hiline aýratyn ähmiýet berilmegi hem-de ekiş möwsüminde işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy üçin hünärmenleriň okuw maslahatlaryny guramak uly ähmiýetli çäreleriň biridir.
Oba hojalygynda aýgytly döwür bolan ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görmek we ony bellenen möhletde geçirmek üçin pagtaçy babadaýhanlar işleriň her bir tapgyryna ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşip, olary meýilnamalaýyn tertipde alyp barýarlar. Işleriň talabalaýyk dowam etmegine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar zähmet adamlarynyň arasynda dürli wagyz-nesihat işlerini, höweslendiriş çärelerini guraýarlar. Agzybirlikli zähmet netijesinde etrabyň pagtaçylarynyň bellenilen sepgide ýetmek ugrunda alyp barýan asylly işleri köplere nusga bolýar.
Maral Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
12.02.2025 ý