Gymmatly hazyna

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze eseriniň neşir edilip, halkymyza gowuşmagy möhüm medeni waka öwrülip, mähriban halkymyzyň milli mirasymyza söýgüsini, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bolan belent buýsanjyny artdyrdy.

Täze kitabyň ilkinji sahypalarynyň Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly şygry hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen başlanmagy has-da täsirlidir we özboluşly many-mazmuna eýedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynda Magtymguly Pyragynyň durmuş ýolunyň hem-de döredijiliginiň ylmy esasda öwrenilişini, türkmen we dünýä halklarynyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda eýelän ornuny ussatlyk bilen, täsirli beýan edýär.

Kitap «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» bölümlerinden ybarat bolup, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilip, ussat şahyr dogrusynda ylmy garaýyşlary, täze-täze düşünjeleri, maglumatlary özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz beýik şahyra çuňňur düşünmegiň, dürdäne döredijiligine içgin aralaşmagyň ýollaryny salgy berýär. Magtymguly Pyragynyň edebi döredijilik mekdebi barada täsirli söhbet edýär.

Täze kitapda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dostluk-doganlyk hakyndaky taglymatlarynyň dünýä ýurtlary bilen alnyp barylýan özara gatnaşyklara täsir edýändiginiň beýan edilmegi, kitabyň täsirliligini has-da artdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaby Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň üsti bilen ömrüň, ýaşamagyň manysyna düşünmäge kömek edýär. Magtymguly Pyragynyň sözlerine näçe çuňňur düşünip bilsek, ömrüň manysyna hem şonça çuň akyl ýetirip bileris.

Hormatly Prezidentimiz özüniň kitabynda Magtymgulynyň şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldardygyny, şygryýet äleminiň, türkmen edebiýatynyň buldurap akýan çuňňur manylar çeşmesidigini belleýär. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda şahyryň adamzat bähbitli ynsanperwer ýörelgeleriniň hakykat ýüzünde hasyl bolýandygy, şahyryň arzuw-umytlarynyň hakykata öwrülýändigi aýdyň şöhlelendirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ruhy gymmatlyklary geljekki nesiller üçin gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak babatda berýän goldaw-hemaýatlary we döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

13.02.2025 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti