Agzybirligiň güýji

Parahatçylyk hakynda söz açylanda, şahyr Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp goşgusynyň «Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et...» diýen setirleri biygtyýar hakydaňa dolýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tutuş adamzadyň abadançylygyny, asudalygyny gazanmak ugrunda alnyp barylýan işler hem ýokardaky setirler bilen baglanyşýar.

Ata-babalarymyzdan arkama-arka, nesilme-nesil geçip, bize miras galan parahatçylyk hakyndaky pelsepeler, ýol-ýörelgeler häzirki wagtda türkmen Bitaraplygynyň özenini düzýär. Onuň düýp manysy bolsa asudalygy, parahatçylygy, howpsuzlygy we ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Taryhdan hem mälim bolşy ýaly, orta asyrlarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen pähimiň ýörgünli bolmagy ýöne ýere däldir. Sebäbi ata-babalarymyz döwleti dolandyrmakda kämillige ýeten halk hökmünde ykrar edilipdir. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda harby we döwlet işlerinde ussatlyga ýeten beýik şahsyýetlerimiziň biri bolan Baýram han türkmeniň: «Parahat we agzybir ýaşamak sungaty bilen deňeşdirilende, ýeňiş gazanmak sungaty hiç zatdyr» diýen setirleriniň mysal getirilmegi arkaly beýan edilýär.

Ata-babalarymyz parahatçylyga, asudalyga, jebislige, agzybirlige aýratyn üns beripdir. Şonuň üçin hem türkmençilikde giňden ýaýran «töwella», «töwellaçy» diýen düşünjeler döräpdir. Ýagny il arasynda bolmasyz bir iş bolaýanda-da, obadaky akylly-paýhasly, dilewar ýaşulular töwellaçylyk edipdirler. Iki maşgalanyň ýa-da iki obanyň arasyndaky dawa-jenjeliň döremeginiň öňüni almagy türkmen halkynyň oňuşmaga, ylalaşmaga, parahat ýaşamaga bolan döwtalaplygynyň zandyna siňen iň naýbaşy häsiýetdigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Ekseň — orarsyň, berseň — alarsyň» diýlişi ýaly, bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bütin dünýäde parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasy öňe sürülýär. Şonuň netijesinde hem dünýä döwletleri bilen sazlaşykly, özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklar has-da ösdürilýär.

Ata Watanmyzyň at-abraýyny barha Arşa galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýlägem rowaçlyklara beslensin!

Hekimberdi Orazberdiýew, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy

"Watan" gazeti

18.02.2025 ý

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Mary şäher komiteti