Gowaça ekişine taýýarlyk görülýär

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hojambaz etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 18 müň 900 gektar meýdandan «ak altynyň» 31 müň 100 tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda etrabyň pagtaçy kärendeçileri ekişe güýçli depginde taýýarlyk görýärler. Ekişe taýýar edilen we gurplandyrylan ekin meýdanlarynda gowaçanyň ýokary hili, bol hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Ýolöten-39» görnüşi ekiler. Şeýle-de ABŞ-nyň «John Deere» kompaniýasynyň telematik sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrylýan ýörite tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bu tehnikalaryň geçen ýyllarda hem ulanylmagy ekerançylygyň iş tejribeleriniň baýlaşmagyna oňyn täsirini ýetirdi.

Ekiş geçirijileri höweslendirmek maksady bilen, dürli çäreler hem guralýar. Bularyň hemmesi gowaça ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda gysga möhletde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün eder. Ekişde ulanyljak tehnikalaryň ählisi gözden geçirilip taýýarlanyldy. Hojambaz etrabynyň babadaýhanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.

Baýrammyrat Reýimow, TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

25.02.2025 ý

TDP-niň Lebap welaýat komiteti - TDP-niň Hojambaz etrap komiteti