Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny has-da berkitmek, netijeli hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny şöhratlandyrmak maksady bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler il-ulsumyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Çünki parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik türkmen halkynyň durmuş ýoluny ýagtylandyrýan röwşen ýörelgelerdir. Şanly ýylymyzyň beýik şygarynyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene bir subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny has-da dabaralandyrjak bu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna alyp barýar. Bu ýylda hem ýurdumyzyň dünýädäki ornuny berkitmek, halklaryň agzybirligini, asudalygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek, parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler rowaçlyga beslener.
Berkarar döwletimiziň gülläp ösmeginde asylly işleri amala aşyrýan, eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy röwşen geljege alyp barýan, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Söhbetgylyç Gylyjow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň başlygy
"Balkan" welaýat gazeti
20.02.2025 ý