Beýik işlere ruhlandyrýan şygar

Taryh altyn harplarda ýazylýan wakalary, şanly seneleri bilen şöhratlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhy şöhratlandyrýan ajaýyp wakalaryň, tutumlaryň, seneleriň mekany hökmünde dünýä ýüzünde belent abraýa eýe bolýandygyna her birimiz şaýat. Geçen ýylda türkmen halkynyň beýik şahsyýetiniň — dünýä edebiýatynda Güneş bolup nur saçýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy äleme ýaň salan çäreler bilen bellenilip geçilen ýurdumyzda bu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uly dabaralara beslener.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen Bitaraplygyna dünýä bileleşigi tarapyndan goýulýan hormat-sarpanyň, bildirilýän ynamyň uludygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Mundan 30 ýyla golaý wagt ozal Türkmenistanyň BMG tarapyndan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilmegini bu gurama agza döwletleriň hemmesiniň biragyzdan goldamagy bilen şol belent ynamyň binýady goýlupdy we Garaşsyz döwletimiz geçen ýyllaryň dowamynda oňyn bitaraplyk ýörelgesine hemişe ygrarlydygyny aňryýany bilen subut etdi.  

7-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini, bu şygaryň uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýandygyny aýratyn nygtap aýtdy. Bu günki gün şol ruhubelentligiň tutuş halkymyzy gurşap alandygy döwrümiziň buýsandyryjy hakykatydyr.

Gülşat Annadurdyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

20.02.2025 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Türkmenbaşy şäher komiteti