Sarpa bilen, serpaý bilen

Biziň halkymyz ene mukaddesligini, zenan mertebesini belentde saklaýan halk. Ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşan we bitiren hyzmatlary üçin «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy enelere, zenanlara goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Her ýylda bahar paslynyň gelmegi, gözel tebigatyň janlanmagy bilen Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede millilik ruhuna kybap görnüşde bellenip geçilýär. Şeýle-de buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýylda mekdebe çenli çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlardan başlap, enelerimize, gelin-gyzlarymyza hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite pul sowgatlarynyň gowşurylmagydyr. Bu dünýäde görlüp-eşidilmedik guwandyryjy wakalardan biridir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Arkadag şäherinde enelere, gyz-gelinlere hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli türkmen zenanlarynyň kalbynda çäksiz alkyş bar. Çünki zenanlaryň bagtyýarlygy, olaryň ýüzlerindäki ýylgyryş, parahat durmuş, gender deňliginiň üpjün edilmegi ähli aýdylanlary doly derejede tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz zenanlar babatda halkara derejede hyzmatdaşlyklary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Iň iri abraýly halkara gurama bolan BMG-niň aýallaryň syýasy hukuklary baradaky Konwensiýasyna goşulmagy, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanmagy jemgyýetde zenanlaryň tutýan ornunyň has-da berkemeginde aýratyn ähmiýetlidir. Bu günki gün eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dürli edara-kärhanalarda zenanlaryň zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Şoňa görä-de, zenanlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny halal zähmete siňdirip, el işlerini geljekki nesillere öwredip, ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Goý, zenan mertebesini belentde saklaýan, eneleri mukaddeslige deňeýän, jemgyýetde gelin-gyzlaryň ornuny has-da pugtalandyrýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri diňe üstünliklere beslensin!

Ogulnur Annadurdyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy

"Arkadag" gazeti

06.03.2025 ý

 

TDP-niň Arkadag şäheriniň komiteti -