Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösdürmekde, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu işler biziň her birimizi begendirip, röwşen geljege ynamymyzy berkidýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar bagtyýar halkymyzy üstünliklere, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Olar esasynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan özgertmeler, amala aşyrylýan tutumly işler we möhüm taslamalar milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ilerlemegine şert döredýär. Bu bolsa adamlaryň abadançylygyny, bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.
Biz geçirýän wagyz-ündew işlerimizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halk köpçüligine düşündirmek bilen, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan möhüm wezipeler, yglan edilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde raýatlaryň orny barada durup geçýäris.
Okgunly ösýän döwür biziň öňümizde aýdyň maksatlary we belent wezipeleri goýýar. Olar eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Biz ýurdumyzy has-da ösdürmegiň hatyrasyna öndürijilikli zähmet çekmek, iň oňat şertlerde ýaşamak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Satlyktagan Maşow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri
"Balkan" welaýat gazeti
06.03.2025 ý