Daşky gurşawy goramagyň möhüm şerti

Häzirki wagtda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk dabaralary geçirilip, ol daşky gurşawy goramaga gönükdirilen netijeli möhüm çäreleriň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelgä eýerip, her ýylky bag ekmek möwsüminde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saýaly, pürli we miweli agaçlaryň we üzümiň millionlarça düýbi ekilýär.

Olaryň ähmiýeti diňe bir owadanlykda bolman, eýsem, olar arassa daşky gurşawy emele getirmekde hem uly orna eýedir.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir. Bu kanunçylyk namalarynyň düzümi ekologik durnuklylygy gazanmakda, bioköpdürlüligi gorap saklamakda, adamlaryň arassa tebigy gurşawa bolan hukuklaryny amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Türkmen tebigaty bilen sazlaşykly ýaşaýyş ata-babalarymyzdan galan ajaýyp mirasymyzdyr. Ony ile ýaýmakda, ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat etmekde, mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara düşündirmekde, olary bu il-ýurt bähbitli, sogaply işlere köpçülikleýin çekmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti we onuň ilkinji partiýa guramalary ýerlerde möhüm çäreleri geçirýär. Halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Allanazar Müňbaýew, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

05.11.2022 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti