Baky bagtyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ygrarly bolup, döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň başlangyçlar bilen çykyş edýär. Türkmenistan garyplygy ýok etmek, ösüp barýan ýurtlary goldamak üçin halkara maliýe gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ählumumy energiýa, ulag baglanyşygyny berkitmek ýaly ugurlarda anyk işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň asylly maksatlary nazarlaýan başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar.

Parahat hem abadan durmuşda ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň tarapdary bolan Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýar. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, ýagny ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşmeýilli erk-islege esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Ýurdumyz özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden Bitaraplyk ýörelgesini daşary syýasatynyň binýadynda goýdy. Bu ýolumyzy dünýä jemgyýetçiliginiň oňlamagy bilen, Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitarap döwlet hukuk derejesine eýe boldy. Hoşniýetli ýörelgelere esaslanýan hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň milli buýsanjyna hem-de gymmatlygyna deňelýär. Bu gymmatlyk Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň düýp özeninde durýan ýörelgedir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ikinji gezek ykrar edilmegi taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.

2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulýan döwletleriň sanynyň barha artmagy ýurdumyzyň asylly tutumlaryny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň giňden goldaýandygyny görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toý-baýrama beslenýän günlerinde — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 3-nji gezek biragyzdan kabul edilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, asuda we abadan durmuş üçin hyzmatdaşlyk etmek türkmeniň ata-baba dowam edip gelýän asylly ýörelgeleridir. Bitaraplyk düşünjesiniň esasynda hem halkymyza mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, ynanyşmak, asudalyk ýaly gymmatlyklar orun alýar. Bu gün il-ulsumyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-parasata ýugrulan içeri hem-de daşary syýasatynyň netijesinde, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Hemişelik Bitaraplygymyz bolsa eziz Watanymyzyň abadançylygynyň kepili hem-de umumadamzat bähbitli maksatlara ýetmek ugrunda tagallalary birleşdirmegiň nyşany hökmünde Ýer ýüzüne ýalkym saçýar.

Soltanmyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

"Watan" gazeti

22.04.2025 ý

 

TDP-niň Aşgabat şäher komiteti -