Bag ekmek — sogap iş

Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen 5-nji noýabrda Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Güýzki bag ekmek möwsümine badalga bolan bu çäre welaýatymyzda özboluşly zähmet baýramçylygyna öwrüldi.

Welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarydyr işçi-hünärmenleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň we ýaşlaryň gatnaşmagynda welaýat derejesindäki esasy bag ekmek dabarasy Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesiniň golaýynda, ýörite taýýarlanan giň meýdanda ýaýbaňlandyryldy. Ol ýerde bag ekmäge niýetlenen 10 gektar meýdanda ir säherden toý ruhubelentligi höküm sürdi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň toý äheňinde bezelen ajaýyp sahnada ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýaş bag nahallaryny oturdyp, olaryň idegini ýetirmäge gelen ildeşlerimizde aýratyn uly joşgun döretdi.

Asylly işe eýermäge ýygnananlar aýdym-sazly çykyşlar astynda dürli bag nahallaryny we bezeg güllerini öz içine alýan özboluşly sergi bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar. Şeýle göwün göteriji pursatlarda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işine dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Bu bolsa, giň ýaýladaky ruhubelentligi belende göterip, ol ýeri alaýaza besledi. Az salymyň içinde dag eteginiň gözel künjeginde pürli bagyň 4 müň düýbi oturdyldy. Täze ekilen baglaryň özboluşly ýaşyl zolagy emele getirmegi zähmet baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ýüregini heýjana getirdi.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

09.11.2022 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -