Şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde dabaraly maslahat geçirildi. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de welaýat häkimligi bilelikde gurady.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň nurana ýadygärligine gül çemenlerini goýup, watançy esgeriň ruhuna tagzym edenlerinden soňra, mekdepdäki muzeýe aýlanyp gördüler. Muzeýde saklanýan gymmatlyklar olarda uly täsirleri döretdi.
Şanly senä bagyşlanan dabaraly maslahatda pederlerimiziň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy, häzirki döwrümiziň gadyr-gymmaty hakda gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşunda görkezen nusgalyk edermenligi dogrusynda aýratyn durlup geçilmegi bolsa, bu çäräniň täsirliligini artdyrdy.
Amangül Atabaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
08.05.2025 ý