Köňülleriň baýramy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge, ösdürmäge ýardam berýär. Halkara derejesindäki hepdelikler, sergiler, festiwallar, maslahatlar we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň iýun aýynyň 27-sine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Her ýylyň iýun aýynyň 22-27-si aralygynda Medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda belleýşi ýaly, Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy mekanydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleriň 1400-den gowragy, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň 8-si hereket edýär. Şolardan “Gadymy Merw”, “Nusaý”, Köneürgenç” goraghanalary bolsa, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bulardan başga-da, “Görogly” dessançylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa, biziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini aýdyň görkezýär.

Halkymyza köpasyrlyk medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Tawus Gylyjowa. TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

26.06.2025 ý

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti