Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ähli babatda halkyň aladasyny edýän Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän işleriniň aýdyň beýany bolup, bu eser döwletlilik ýörelgesine ýugrulandyr. Kitapda halkymyzyň gadymdan gelýän döwletlilik ýörelgesini teswirleýän rowaýatlardyr tymsallar bolsa özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Parasatly ata-babalarymyzyň, mährem ene-mamalarymyzyň asylly terbiýesine eýerýän her bir adamyň ýöreýän ýoly döwletlilige eltýär. Ata-babalarymyz «Döwletliden döwlet ýokar» diýip, hemişe öz perzentlerini halallyga, zähmetsöýerlige, agzybirlige, tutanýerlilige ugrukdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby halka paýhas nuruny paýlaýar, dost-doganlygyň miwesini eçilýär, her bir işde rowaçlygy, şowlulygy, döwletliligi ündeýär. Kitap söýüjileriň uly söýgüsini gazanan bu eser türkmeniň döwletlilik ýörelgesini asyrlara aşyrjak ebedi şamçyrag bolar. Bize şeýle eserleri sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Jemal Gulbaýewa, TDP-niň Görogly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
03.07.2025 ý