Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ykdysady taýdan çalt depginde ösýär, kuwwatly döwlete öwrülýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanýar. Berkarar Watanymyzyň ähli sebitleriniň özgerip, döwrebap keşbe beslenmegi has-da guwandyrýar. Bu gün Ahal welaýatymyz hem sazlaşykly ösüp, şäherçedir obalarymyzyň binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, medeniýet ojaklary we beýleki desgalar gurulýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan özgertmeleriň, şol sanda iri gurluşyk taslamalarynyň rowaç almagy her birimizi buýsandyrýar. Bu babatda Gökdepe etrabynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan welaýatymyzyň täze, döwrebap edara ediş merkezini agzamak ýakymly. Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz welaýatymyzyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik edip, iş maslahatlaryny geçirýärler, täze şäheriň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine uly ähmiýet gönükdirýärler.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň işgärleri, işewür agzalary tarapyndan ilkinji partiýa guramalarynda yzygiderli maslahatlar geçirilip, bedew bady bilen ösýän, barha kuwwatlanýan Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işler wagyz-nesihat edilýär. Şol çäreleriň barşynda welaýatymyzda gurulýan täze, nusgalyk şäherde halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda göz öňüne tutulýan ajaýyp şertleriň ähmiýeti barada buýsançly söhbet açylýar. Şeýle bagtyýarlyk üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Nartäç Hallyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
“Ahal durmuşy” gazeti
09.11.2022 ý