Zenan yhlasy

Oba zähmetkeşleri üçin wajyp möwsüm bolan galla oragy döwründe ýetilmeli sepgit eýelenildi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen başlanan galla oragynda welaýatymyz ilkinjileriň biri bolup, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdi. Welaýatymyz boýunça bäş etrap bugdaý ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Şolaryň bäşisi-de şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirip, agzybirlikde welaýatymyzyň öň hatarda bolmagyna getirdi. Şeýlelikde, häzirki wagta çenli welaýatyň Watan harmanyna tabşyran ak bugdaýy 95 müň tonnadan gowrak boldy.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Watan harmanyna tabşyran bugdaýy 57 müň tonnadan geçdi. Etrapdaky «Arkaç» daýhan birleşiginiň «Kuwwatly Arkaç» daýhan hojalygynyň kärendeçisi Tuwakgül Ýegendurdyýewa hem Watan harmanyna ak bugdaý dänesini artykmajy bilen tabşyrdy.

Şu ýylda hem «Kuwwatly Arkaç» daýhan hojalygynda amala aşyrylýan işler agrotehniki talaplara laýyk gelýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilip berlen amatly şertler bol hasyl almaga goldaw bolýar. Tuwakgül gelnejäniň agzybir maşgala agzalary bilen ýere siňdirýän yhlasy ýerine düşýär. Ol ýylyň-ýylyna Watan harmanyna bugdaýyň, «ak altynyň» bol hasylyny tabşyryp, etrapda göreldeli kärendeçileriň biri hökmünde uly abraýa eýe boldy. Tuwakgül Ýegendurdyýewa 2023-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldy. Onuň gaýynatasy etrabymyzda at-abraýly daýhan hökmünde tanalýardy. Tanymal oba hojalyk işgäri Ýegendurdy Annadurdyýewden halypa-şägirtlik sapagyny alan tejribeli daýhan zenan ýanýoldaşy Amandurdy, ogly Arslan bilen arman-ýadaman zähmet çekip, öňde goýlan şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirýär. Daýhanyň ygtybarly daýanjy bolan kuwwatly tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanylýar. Tuwakgül Ýegendurdyýewa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 50 gektar ýere bugdaý tohumynyň «Bezostaýa» görnüşini ekip, ondan ak bugdaýyň 130 tonnasyny Watan harmanyna tabşyrmagyň hötdesinden geldi. Işlemäge, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Tuwakgül Ýegendurdyýewanyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary tükeniksiz. Biz hem tejribeli daýhan zenana kesbinden kemal tapmagyny arzuw edýäris.

Laçyn Hangulyýewa, TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň bölüm müdiri

“Watan” gazeti

12.07.2025 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Gyzylarbat etrap komiteti