Toprakdan bagt tapan kärendeçi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mülkdarlaryň, telekeçi hem-de kärendeçi daýhanlaryň sahawatly toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşandyny goşýan kärendeçi hem-de mülkdar maşgalalaryň sany ýylsaýyn artýar. Bereketli toprakdan maşgala agzalary bilen bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegiň hötdesinden gelýän ýer eýeleriniň biri hem Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň ýaşaýjysy, ussat daýhan Döwletjan Öwezmyradowdyr. Ekerançylykdan iş tejribesi ýeterlik bu gujurly daýhan ýaşuly agzybir maşgalasyna baş bolup, 40 ýyldan bäri topraga hyzmat edip, dürli görnüşli ekinlerden bol hasyl alyp gelýär.

Asly daýhan neslinden bolan Döwletjan aga dana ata-babalarymyzyň «Bag depesinden — ýer gyrasyndan garrar» diýen pähimine uýup, mukaddes ene topragyň her daban ýerine eýeçilik gözi bilen garaýar. Özüne berkidilen 40 gektar meýdanda topragy ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyryp, ekin dolanyşygy esasynda ýylyň-ýylyna bugdaýyň, pagtanyň bol hasylyny alyp gelýär. Ata-babalarymyzdan galan «Tomus depesi gaýnamadygyň — gyş gazany gaýnamaz» diýen nakylyň daýhançylyk bilen baglanyşykly işleriň esasy agramynyň, ýagny ekinleriň hasyla durýan wagtynyň tomsuň jokrama yssy günlerine düşýänligi bilen baglanyşykly bolsa gerek. Däneçilik bilen meşgullanýanlar üçin bu ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýygnalýan döwrüne gabat gelýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Döwletjan aga öz maşgala agzalary bilen 20 gektar meýdanda bereketli galla hasylyny ýetişdirdi. Her gektaryň hasyllylygyny 55 sentnerden geçirip, döwlet harmanyna ýokary hilli bugdaý tabşyrdy. Häzirki wagtda bugdaýdan boşan meýdanlarda gant şugundyrynyň bol hasylyny kemala getirmek üçin ýerleri gurplandyrmak, tekizlemek, sürmek, geriş çekmek we ýokary hilli ekiş geçirmek işlerini alyp barýarlar. Her ýylda gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirip, her gektaryň hasyllylygyny 650 — 700 sentnere ýetirip, ýokary netijeler gazanyp gelýär.

Döwletjan aganyň daýhan maşgalasy häzirki günlerde özlerine berkidilen ýeriň 20 gektarynda gowaçanyň oňat gögerişini gazanyp, agrotehniki kadalara laýyklykda idetmek bilen gowaçalary zyýankeşlerden goramak işlerini talabalaýyk alyp barýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet sowgady bilen barmagy maksat edinýär.

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan azyk önümlerini özümizde öndürmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ilatymyzy çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmek meselesine çynlakaý çemeleşilýär. Muňa gowy düşünýän daýhanlar bugdaýyň ýokary hilli hasylyny ýetişdirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmadylar. Daýhan çeken zähmetiniň rehnetini görýär. Geçen oba hojalyk ýylynda Döwletjan aganyň kärendeçi maşgalasy Watan harmanyna 110 tonna bugdaý, 1350 tonna gant şugundyryny, 100 tonna inçe süýümli ýüpek pagtasyny tabşyrdy. Bu bolsa kärendeçiler maşgalasynyň girdejisine uly goşant boldy.

Ussat daýhanyň agzybir maşgala agzalary eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar.

Biz hem edermen kärendeçi Döwletjan Öwezmyradowyň döwletli maşgalasyna ýeneki zähmet üstünliklerini arzuw edýäris.

Myrat Ataýew, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Watan” gazeti

12.07.2025 ý

TDP-niň Mary welaýat komiteti -