NETIJELI HYZMATDAŞLYGYŇ BÄHBIDINE

1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilen senesinden bäri geçen taryhy döwürde berkarar döwletimiz daşary syýasatyny gyşarnyksyz amala aşyrmakda, wajyp başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary yzygiderli durmuşa geçirmekde dünýäde öňdäki orunlara çykdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagy bilen, adybir Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Bu taryhy resminama ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň baş ugruny dünýä jemgyýetçiligini goldamaga, Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjiligi giňden ýaýmaga, halklary bir-birine ýakynlaşdyrmaga, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň kämil guralyny üpjün etmäge gönükdirýändigini tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we belent başlangyçlary bilen Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde mynasyp orun eýeledi. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy döwletler bilen hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň şeýledigi peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden bäri bu babatda durmuşa geçiren beýik işlerinde hem has aýdyň görünýär. Sebit ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklara täze döwrüň ruhuna mynasyp derejede giň gerim berilmegi, ösüşiň möhüm meselelerini çözmek üçin amatly şertleri döretmek barada özara pikir-garaýşyň beýan edilmegi, olar boýunça teklipleriň, başlangyçlaryň öňe sürülmegi Merkezi Aziýa sebitinde wajyp orun eýeleýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli netijelerini, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan ählumumy tagallalara mynasyp goşant goşmakdaky ornuny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ileri tutulýan strategik ugurlar boýunça durmuşa geçirilýär. Olar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylmak bilen, ilkinji nobatda, daşary döwletler hem-de halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna daýanyp, daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýar. Üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa meselelerini çözmek häzirki zaman gatnaşyklar ulgamyna ynamly goşulmagyň, dünýäniň döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy guraly hökmünde öňe sürülýär. Bu günki gün Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi hem halkara giňişlikde, hususan-da, BMG-niň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary we dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyna, şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerinde durmuş-ykdysady we özara hereketleri berkitmekdäki tagallalaryna ýokary baha berýär. Ony bu halkara gurama tarapyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnamalaryň onlarçasynyň kabul edilendiginiň mysaly hem doly subut edýär.

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

10.11.2022 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Köneürgenç şäher komiteti