12-nji awgust — Hazar deňziniň güni
Gözýetmez giňişlige ýaýylyp ýatan Hazar deňzi bu günki gün aňlarda, kalplarda gadyrdan goňşulara eltýän ak ýol, kenarynda ýerleşýän döwletleriň dostlugyny dabaralandyrýan deňiz hökmünde orun aldy. Hut şol dostlugyň mizemezliginiň alamaty hökmünde hem indi birnäçe ýyl bäri her ýylyň 12-nji awgusty Hazar deňziniň güni hökmünde özboluşly baýramçylyga beslenýär. Bu sene Hazarýaka döwletler tarapyndan ýerine ýetirilýän Hazar ekologik maksatnamasynyň çäklerinde işlenip düzülen we 2003-nji ýylyň noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň, ähli Hazarýaka döwletler tarapyndan 2006-njy ýylda tassyklanandan soňra, resmi taýdan güýje giren güni bilen baglanyşykly dörändir. Ine, şol günden bäri hem Hazar deňziniň gününi halkara derejede uly dabaralar bilen bellemeklik asylly däbe öwrüldi.
Esasy maksady bu özboluşly suw giňişligini hapalanmakdan goramak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmekden, onuň biologik baýlyklaryny gorap saklamakdan, dikeltmekden, durnukly we rejeli peýdalanmakdan, ilatyň bu barada ekologik bilimini baýlaşdyrmakdan we ekologik medeniýetini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýan halkara senäniň ýurdumyzda her ýylda giňden bellenilip geçilmegi halkymyzyň Hazara tebigatyň genji-hazynasy, baýlygy hökmünde garaýandygynyň nyşanydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz tarapyndan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu babatda möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň öňe sürülýändigini bellemek ýakymlydyr. 2002-nji ýylda birinji Hazar sammitiniň Aşgabat şäherinde, 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeläp, olarda kabul edilen taryhy çözgütler öňde goýlan maksatlara ýetmekde giň mümkinçilikleri üpjün etdi. Şu günler bolsa Hazar deňziniň türkmen kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen döräp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözelligi barha artýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň ünsüni özünde jemlän forum — Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we onuň çäklerindäki ugurdaş çäreler geçirilýär. Bu halkara forum Hazar deňziniň dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini ýene bir ýola tassyk edip, hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirýär» diýen sözleriniň zamanamyzyň ajaýyp hakykatydygyny dünýä aýan edýär. Şeýle giň gerimli çäreleriň Hazar deňziniň gününiň öň ýanynda geçirilmegi bolsa bu senäniň ähmiýetini, ornuny has-da artdyrýar.
Nurbibi Dädebaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri
"Balkan" welaýat gazeti
07.08.2025 ý