Aýdym-sazly maslahat

Ýaňy-ýakynda Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabrigiň mejlisler zalynda edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly maslahat geçirildi.

Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan ösüşler, eziz Diýarymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahat Köneürgenç etrap medeniýet öýüniň döredijilik toparynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Joşgunly aýdym-sazlar çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Dünýäniň parahatçylygy, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagy, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen beyik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Gurbanmyrat Muhammedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň başlygy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

07.08.2025 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti