Täze okuw ýylynyň başlanmagyna wagt barha azalýar. Eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalary garşy aljak ak mekdepler gapysyny giňden açýar. Mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpeler üçin bu pursat has-da gyzykly. 1-nji synpa okuwa gitjek körpeler eýýämden mekdebiň täsinlikleri hakynda gyzyklanýarlar. Ene-atalar bolsa çagalaryny okuw esbaplary bilen üpjün edip, täze okuw ýylyna taýýarlyk görýärler.
Täze okuw ýyly mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň hyzmaty ýola goýuldy. Mekdep bazarlarynda okuwçylar üçin ýokary hilli, ykjam, dürli okuw esbaplarydyr mekdep lybaslaryny elýeter bahalardan tapmak bolýar. Şu günler çagalarynyň elinden tutup, okuw üçin gerekli esbaplaryny almaga bazarlara barýan ene-atalaryň sany bolsa barha köpelýär. Toý-baýramlary şatlyk-şowhun bilen garşy alýan ildeşlerimiz üçin täze okuw ýyly sözüň doly manysynda özboluşly baýramçylykdyr. Çünki ene-ata üçin çagasynyň döwrebap bilimli, sowatly bolmagy uly bagt. Olaryň şeýle bagtdan paýly bolmagy üçin bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz giň gerimli işleri amala aşyrýar.
Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almaklary üçin dünýä derejesindäki amatlyklary bolan täze çagalar baglary, ak mekdepler, ýokary we orta okuw mekdepleri, sport desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Çaga terbiýesiniň kämil bolmagy üçin mugallymlaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy, olaryň zähmet haklarynyň yzygiderli artdyrylmagy — bularyň ählisi eziz Watanymyz üçin geljekde sowatly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde döwletimiz tarapyndan döredilýän oňyn şertlerdir. Günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyzyň geljegini watansöýüji, sowatly, hünärli, arassa ahlakly ýaşlara ynanýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin ildeşlerimiziň alkyşlary çäksizdir.
Şirin Mirmedowa, TDP-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
“Watan” gazeti
16.08.2025 ý