«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda möhüm waka boldy. Forum mynasybetli dabaradaky çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu maslahatyň maksatlarynyň örän giňdigini we ählumumy ähmiýete eýedigini mälim etmek bilen, olaryň syýasy, ykdysady, söwda, medeni, ylmy hyzmatdaşlyga halkara derejede itergi bermäge we baýlaşdyrmaga, BMG-niň maslahatynyň umumy erki, jebisligi hem-de netijeli dialogy yzygiderli geçirmäge we hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlylygy görkezmäge gönükdirilendigini belledi.
Wekilçilikli maslahatyň çäklerinde ýöriteleşdirilen forumlaryň birnäçesiniň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. 4-5-nji awgustda geçirilen Raýat jemgyýetiniň forumy dünýäniň dürli künjeginden raýat jemgyýetiniň wekillerine BMG we esasy hyzmatdaşlar bilen göni aragatnaşyk gurmaga, özara tejribe alyşmaga, çözgütleri hödürlemäge we deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljekki on ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary üçin niýetlenen maksatnamalaýyn wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Forumda strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, innowasion çözgütler, geljekki mümkinçilikler bilen bir hatarda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny öňe sürmekde raýat jemgyýetiniň ähmiýetine bagyşlanan pikirler beýan edildi. Bulardan başga-da, ykdysady diwersifikasiýa, daşky gurşawyň abadançylygy, durnukly ösüş ýaly ugurlarda raýat jemgyýetiniň üstüne düşýän wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, raýat jemgyýeti döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň hem-de ilatyň arasynda köpri bolmak bilen bir hatarda, özgertmeleriň hereketlendiriji güýji hökmünde hyzmat edýär. Hereketleriň Awaza maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň, ylmy jemgyýetçiligiň we raýat jemgyýetiniň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär.
Raýat jemgyýetiniň forumynda beýan edilen teklipler BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji resminamalaryna-da öz täsirini ýetirdi. Forumyň dowamynda kabul edilen Raýat jemgyýeti guramalarynyň Jarnamasynda raýat jemgyýetiniň wekilleri ähli gyzyklanma bildirýän taraplary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüş maksatlaryny goldamak üçin öňdebaryjy tejribäni we innowasion çemeleşmeleri ulanýan netijeli hyzmatdaşlyga gatnaşmaga, durnukly infrastrukturany gurmak, sanly birikmäni güýçlendirmek hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin maliýe-tehniki goldawy bermäge, Hereketleriň Awaza maksatnamasyna laýyk gelýän maliýe ulgamlaryny, sanly goşulyşmagy, durnukly daşky gurşawy goldaýan syýasaty we başlangyçlary durmuşa geçirmäge çagyrýarlar.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň abadan geljegini gurmakda raýat jemgyýetiniň möhüm orun eýeleýändigi aýdyň hakykatdyr. Forumyň dowamyndaky ara alyp maslahatlaşmalar, gelnen netijeler hem-de ýola goýlan hyzmatdaşlyklar inklýuziw, durnukly we adalatly ösüş üçin berk binýady emele getirdi. Demokratik ýörelgelere, adam hukuklaryna hem-de ösüşe üýtgewsiz ygrarly bolan raýat jemgyýetiniň halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny BMG-niň Awaza forumy ýene bir gezek tassyklady.
Hemişelik Bitarap Watanymyzda dünýä nusgalyk işleri amala aşyryp, halkymyzyň hem-de bütin adamzadyň abadan durmuşy ugrunda beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Soltanmyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
19.08.2025 ý