Öňňin ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenip geçildi. Bu sene mynasybetli biziň welaýatymyzda hem saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň şanyna Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen dabara örän täsirli boldy. Ony welaýat häkimligi, welaýatyň Saglygy goraýyş müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.
Baýramçylyk dabarasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglar aýdylyp, bu senäniň giňden bellenilmeginiň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Çykyş edenler ynsan saglygyny goramakda, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.
Dabarada saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň öňdebaryjy işgärleriniň uly toparyna welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Sowgat gowşurylyş çäresinden soňra, toý sahnasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri
“Ahal durmuşy” gazeti
12.10.2022 ý