Yhlas ýerine düşýär

Irginsiz zähmet siňdirilen, sary güle basyrynyp oturan gowaça meýdanlaryny synlap barýan tejribeli daýhan Maksat Rejepgulyýew dymyşlygy bozup, gürrüňe başlady:

— Şu ýyl daýhan üçin bereketli ýyllaryň biri boldy diýsem, öte geçdigim bolmaz. Ähli işler öz wagtynda ýerine ýetirilip, hasylyň kemsiz ýetişmegi üçin daýhanyň çeken zähmeti ýerine düşüp dur. Muňa şu ýylyň däne hasylyny ýygnap almakda gazanan üstünligimizem şaýatlyk edýär. Bu gün bolsa gowaçanyň boldumly hasylyny ösdürip ýetişdirýän döwrümiz ekinleriň hasyl toplaýşyny görüp, başymyz gök direýär. Her bir işiň inçe tilsimlerini ele alyp, ony başarjaňlyk bilen ýerine ýetirmegi başarsaň, zähmetiň ýerine düşýär. Işde erjellik gerek.

Hawa, biziň gürrüňini etmekçi bolýan zähmetsöýer daýhanlarymyzyň biri Sarahs etrabynyň «Ýolly daýhan» daýhan hojalygynyň agzasy Maksat Rejepgulyýewdyr. Ýaş ýigit ene topraga yhlas siňdirip, ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümlerini öndürmekde uly zähmet üstünliklerini gazanýan daýhanlaryň hatarynda özüni tanatdy. Bu daýhan hojalygynyň agzalary şu ýyl 830 gektar meýdana gowaça ekdiler.

Gowaça ekilen meýdanlara daýhan yhlasy siňdirilensoň, olaryň hasyl toplaýşy hem başgaça. Biz muny daýhan hojalygynyň gowaça meýdanlaryna aýlanyp, ekinlere ideg edilişi bilen gyzyklanyp ýören wagtymyz has aýdyň göz ýetirdik. Her bir ýyly uly üstünliklere besleýän hojalygyň zähmetsöýer daýhanlarynyň üstümizdäki ýylda hem gowaçadan ýokary hasyl alyp, bellenen meýilnamalaryny aňryýany bilen berjaý etjekdiklerini ynamly aýdýarlar. Bu işleriň sazlaşykly guralmagynda ýaş daýhan ýigit Maksat Rejepgulyýewiň tagallasynyň uludygyny bellemek gerek. Gowaçaly meýdanlarda ak hanalaryň görnüp başlamagy bilen pagtaçylar üçin has jogapkärli döwür başlaýar. Biz hem bu daýhan hojalygynyň agzalaryna pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirip, işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýäris.

Maral Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

28.08.2025 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti - TDP-niň Sarahs etrap komiteti