Arkadag şäheri döwletli Maslahata barýar

«Halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys».
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşyndan.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň belleniljek günleriniň öňüsyrasynda çagyryljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň galkynyşyny, halkymyzyň eşretli durmuşyny, mizemez agzybirligimizi we abadançylygymyzy dabaralandyrýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, bilim, sport, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri, şol sanda, wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar ýokary guramaçylykda geçirilýär. Halkyň ykbaly bilen bagly bolan döwletli maslahata zähmet üstünlikleri bilen barýan Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalary netijeli işleri bilen tapawutlanýarlar. Bular dogrusynda söhbetler belentden ýaňlanýar.

Orazgül PYGAMOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy:

— Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahaty uly orun eýeleýär. Çünki onuň baş maksady halkyň abadan durmuşyna gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de netijeli çözgütleri kabul etmekden ybarat. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda maksatnamalary kabul etmek, halkyň isleglerini kanagatlandyrmak babatdaky işler hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna özüniň oňyn täsirini ýetirmek bilen, ýurdumyzyň ýer ýüzündäki at-abraýynyň barha belende galmagyna uly itergi berýär. Halkyň bähbidine gönükdirilen işler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryna doly derejede laýyk gelýär. Eziz Diýarymyzda döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň hukuk binýadyny has-da berkitmekde, durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler diňe adam hakdaky alada gönükdirilýär. Şeýle ajaýyplyklary halkyna peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

"Arkadag" gazeti

11.09.2025 ý

TDP-niň Arkadag şäheriniň komiteti -