Bitaraplyk — dünýäniň halklary we sebitleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagyna getirdi. Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklary ulgamyna we dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar. Milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk gelýän wajyp başlangyçlary öňe sürýär we amala aşyrýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny, konwensiýalaryny ykrar edýär. Şeýle hem halkara borçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirýän döwletimiz ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine ulanmaga gönükdirýär.
Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 19 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ol BMG-niň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Kararnamanyň kabul edilmegi diňe sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan wakadyr.
Gahryman Arkadagymyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny — ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek hakynda teklip bilen çykyş etmegi bolsa hoşniýetli daşary syýasy ýörelgä ygrarlylygyň nobatdaky ýüze çykmasydyr. «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa dünýä jemgyýetçiliginiň, döwlet we hökümet baştutanlarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň, syýasatşynaslaryň, diplomatlaryň, halkara hukugy boýunça alymlaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.
Milli, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň ygtybarly guraly hasaplanýan Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň tutuş dünýä bileleşiginiň gymmatlygyna öwrülmegi döwletimiziň daşary syýasy işinde gazanylan iň uly üstünlikdir. Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän islendik teklipdir başlangyçlarynyň, alyp barýan syýasy işiniň gözbaşynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri dur. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda parahatçylygy we asudalygy gymmatlyk derejesine göterip, arzylap gelen halkdyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerini okanyňda hem aňryýany bilen göz ýetirmek bolýar. Parahatçylyk we durnukly ösüş ýurdumyzyň Bitaraplygynda jemlenendir. Bu biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasy daýanjy bolup durýar.
Ýurdumyzyň BMG-ä agza bolmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy hem uly dabaralara beslener. Bu waka mynasybetli paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň dialogynyň ýyllyk mejlisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň Strategik barlag institutlarynyň nobatdaky duşuşygy, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygy, şeýle-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçiriler. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem bu halkara baýramyň, hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaplyk ýörelgämize esaslanyp öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň many-mazmunyny, ähmiýetini giň halk köpçüliginiň arasynda düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça dürli çäreleri geçirýär.
Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, Türkmenistan Watanymyzyň, türkmen halkynyň bagtly geljegi ugrunda alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary
“Watan” gazeti
22.11.2022 ý