Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty, «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi:
— Adamyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlar bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medala mynasyp bolmagym meniň üçin şeýle pursatlaryň biri bolup, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde baýramçylyk şatlygymy goşalandyrdy, belent işlere ruhlandyrdy.
Ýurdumyzyň barha özgerýän, şan-şöhratynyň belende göterilýän döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, beýik işlere goşant goşmagyň özi hem çäksiz bagtdyr. Şeýle bagtdan nesibelidigimize begenýäris, buýsanýarys. Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, meni döwlet sylagyna mynasyp gören hormatly Prezidentimize, şeýle-de Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan tükeniksiz alkyşlarymy aýdýaryn.
Ýazga geçiren Aýdo Şekerow,
ýörite habarçymyz
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
25.09.2025 ý