Baky mizemezligiň belent derejesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň döwletli döwranyny belent menzillere ýetirýän, döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrýan beýik işleriň amal bolýan eýýamy. Döwlet hem halk bähbidine, umumadamzat gymmatlygyna gönükdirilen beýik işleriň başlangyjyna badalga beren Gahryman Arkadagymyzyň belent tutumlaryny parasatlylyk bilen durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki gün milletimiziň iň gymmatly hem naýbaşy ýörelgeleri, milli häsiýeti, däp-dessurlary, umumadamzat gymmatlygyna uly goşant bolup durýan ajaýyp gymmatlyklary özygtyýarlylygyň nurana şuglasyndan has-da görklenýär, dabarasy dünýä dolýar. Mukaddes Garaşsyzlyk atly belent bagt halkymyzyň alnynda ak Gün parlatdy. Türkmeniň jahan içre özüni tanatmagyna, ornuny tapmagyna we çuňlaşdyrmagyna uly mümkinçilikleri berdi. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde halkymyz ösüşiň nurana ýoly bilen belent sepgitlere tarap batly gadam urup, millet hökmünde, özbaşdak döwlet hökmünde belent mertebä, uly at-abraýa eýe boldy. Bu zatlaryň özeninde örän oýlanyşykly, dünýä üçin ýokary täsir edijiligi bolan, adamzat üçin iň zerur gymmatlyklary özünde jemleýän döwlet syýasatymyz bolup, onuň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň netijeleri bolsa, bu günki gün berkararlygymyzyň batly gadamlaryna şan berýär.

Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap özbaşdak we erkin syýasaty durmuşa geçirmek, dünýäniň dürli ugurlar boýunça ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, häzirki wagtda ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirýän döwlet hökmünde tutuş dünýäde öz abraýyny pugtalandyrýar. Bu günki gün ýurdumyz sebitiň ylalaşdyryjy merkezi hasaplanýar, Ýer ýüzünde parahatçylygyň nuruny ýaýýan döwlet hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi» diýip, örän jaýdar belleýär.

Hakykatdan-da, bu günki gün döwletimiz dünýä derejeli ösüşleri başdan geçirmek bilen, kuwwatly ykdysadyýete eýe bolan ýurt hökmünde öz mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Ak mermer binalary Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan merjen şäherimiz gözel Aşgabadyň, «akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda gurlan Arkadag şäheriniň, ähli welaýatlarda gurlup ulanmaga berilýän täze tipli obalaryňdyr şäherçeleriň ýaşamak, işlemek üçin amatly şertleridir mümkinçilikleri göreni haýrana goýýar. Dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen zawoddyr fabrikleriň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň, ýyladyşhanalaryň uly mümkinçilikleri döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyny şertlendirýär. Bu günki gün halkymyz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanynyň bagtyýar raýatlary hökmünde buýsanýar, guwanýar, täze maksatlaryň ak ýoly bilen öňe tarap batly gadam urýar. Garaşsyz döwletimiziň hoşniýetlilik, ylalaşyklylyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň esasynda belent başlangyçlary bilen yzygider çykyş etmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

25.09.2025 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti