Şöhratly taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza sarpa, agzybirlik we jebislik, halkymyzyň milli ýörelgelerine ygrarlylygy bu gün hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda gülläp ösýän berkarar döwletimiziň berk binýadyny emele getirýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tylla güýzünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän mukaddes ýol-ýörelgelerine ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Umumymilli forum halk häkimiýetliliginiň, demokratik ýol-ýörelgeleriň hut parahatçylykdan, halkymyzyň agzybirliginden gözbaş alýandygyny görkezdi. Taryhy ähmiýetli forumda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bolsa parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr.
Milletiň mertebesi hem-de jebisligi şöhratly taryha hormatdan gözbaş alýar. Taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimiziň Watana bolan söýginiň belent nusgasyny görkezmekleri şu günki we geljekki nesillere ýol-ýörelgedir. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz şan-şöhrata eýe bolan meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmegi we dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmagy, taryhy şahsyýetlerimiziň ömri, ýaşan döwri, galdyran mirasy barada halkara ylmy-amaly maslahatlary guramagy, türkmen halkynyň taryhy bilen bagly çeper, dokumental filmleri döretmegi, şeýle hem halkymyzyň taryhyna, milli we baý edebi mirasyna bagyşlanan neşirleri taýýarlamagy teklip etdi. Munuň özi ýaş nesillerde milli buýsanjy kemala getirmekde, halkymyzy beýik ýeňişlere ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň umumymilli forumda eden çykyşynda: «Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir» diýip bellemegi watansöýüjiligiň, päk zähmetiň mazmunyny aýdyň beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary esasynda ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşant goşýan raýatlaryň uly toparyna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy, döredijilik bäsleşikleriniň jemleriniň jemlenmegi ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Uly üstünliklere beslenýän şanly ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde halkymyzyň bagtyýar geljegine, abadan ýaşaýşyna gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi, öňde goýlan wezipeleriň kesgitlenilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen bellenilmegi ildeşlerimizi belent sepgitlere ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris.
Häzirki we geljekki nesilleriň abadan ýaşaýşy üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşynda jebisleşip, ösüşiň täze belentliklerine gadam urýan halkymyzyň belent maksatlary myradyna gowuşsyn!
Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
14.10.2025 ý