Ählumumy parahatçylygyň nusgalyk ýoly

Häzirki zaman syýasy dünýäsiniň soňky 30 ýylynyň wakalary Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly ygrarly bolup gelýändigini jahana aýan etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna 30 ýyl bolýar. Bitaraplygy BMG tarapyndan ýörite Kararnama bilen ykrar edilen döwletimiz geçen otuz ýylyň dowamynda Milletler Bileleşiginiň iň ynamdar hem strategik hyzmatdaşyna öwrüldi. Ýer ýüzüniň halklarynyň ynanyşyp, ysnyşyp, parahatçylykda ýaşamaklarynyň, dünýä giňişliginde asuda durmuşyň höküm sürmeginiň hatyrasyna Türkmenistan bilen BMG-niň maksatlary biri-birinden asla üzňe däldir. Gowy işlerde maksatlaryň birligi bolsa hemişe belent abraýa ýetirip, hormat getirýär. Muny biz Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki ýokary abraýynda, Milletler Bileleşigindäki mynasyp ornunyň barlygynda hem aýdyň görýäris. 

Mydama parahatçylygyň, durnukly ösüşiň tarapynda çykyş edýän döwletimiz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, islendik dawaly meseläni gepleşikler arkaly çözmek, parahatçylyk we ynanyşmak arkaly ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegini gazanmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýakyndan ýardam berip, sebitde agzybirligi, bir-birege düşünişmegi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ýakyn ýardamlary bilen hem Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň uly ynamyna eýe bolup, iň ýakyn hyzmatdaşyna öwrüldi. Bitarap döwletimiz diňe bir bu merkeziň işine berýän kömek-goldawlary bilen däl, eýsem, bütin dünýäniň bähbitlerini nazarlap amala aşyrýan ägirt işleri, şeýle hem Milletler Bileleşiginiň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri bilen hem uly abraýa eýedir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çuň mazmunly çykyşlary hem-de ähli halklaryň bähbidine gönükdirip beýan eden wajyp başlangyçlary şaýatlyk edýär. Ýeri gelende, Bitaraplykda geçilen 30 ýylyň dowamynda şol başlangyçlar boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalarynyň ençemesiniň kabul edilendigini bellemek has-da ýakymly. Sözümiz gury bolmaz ýaly, şol Kararnamalaryň käbirini agzap geçeliň:

2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», şol ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», 2-nji dekabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», 14-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu resminamalaryň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Kararnamalar döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň halkara giňişliginde uly goldaw tapýandygyna, Watanymyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanýandygyna, bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň giňden goldanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Didar Osmanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

23.10.2025 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti