Dost-doganlyk sergisi

Ýakynda Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. Sergä Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, telekeçiler we goňşy döwletden gelen myhmanlar gatnaşdy. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde döwletli Diýarymyzyň sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi barada aýratyn nygtadylar. Şeýle hem, geljekde ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmakda, tejribeleri alyşmakda, işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde medeni duşuşyklaryň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.

Dabara gatnaşanlar goňşy ýurduň döwlet we söwda-senagat edaralarynyň, sagaldyş-dikeldiş ulgamynyň, halkara logistika, gurluşyk, oba hojalyk, azyk hem-de gaýtadan işleýän we beýleki birnäçe pudaklarda iş alyp barýan kompaniýalaryň 70-e golaýynyň işlerini synladylar. Bu sergi dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejelere çykýandygyny görkezýär.

Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Medeni çykyşlarda ajaýyp zamanamyzyň ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklary wasp edildi.

Guwanç Çendirow, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

“Watan” gazeti

22.11.2025 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -