Türkmen hem-de özbek halklary heňňamyň irki döwürlerinden bäri goňşy bolup, dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup gelipdirler. Ruhy taýdan ýakyn, milli däp-dessurlary bir daragtyň iki pudagyny ýatladýan bu halklaryň gardaşlygy, garyndaşlygy has ezeldendir. Özbegistanyň käbir sebitlerinde türkmenleriň, ýurdumyzyň sebitlerinde özbek halkynyň wekilleriniň agzybirlikde ýaşaýandygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň raýaty bolan özbek doganlarymyz türkmen halky bilen bir supranyň başynda duz dadyp, toý-baýramlaryny bile sowuşýarlar. Olar ýurdumyzyň dürli ugurlarynda halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleriň rowaçlanmagyna öz goşantlaryny goşýarlar.
— Sapargül REJEPOWA TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy:
— Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň röwşen ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz barha berkidilýär. Muňa ýakynda paýtagtymyzda «Daşkent» seýilgähiniň dabaraly açylmagy, şeýle-de türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň düýbüniň tutulmagy hem şaýatlyk edýär.
Golaýda gadymy Daşoguz topragynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň geçirilmegi iki goňşy ýurduň ata-baba dowam edip gelýän hoşniýetli gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezdi. Festiwalyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawynda orun alan gadymy Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine syýahatyň guralmagy geçmiş taryhymyza bolan buýsanjyň has-da belentdigini tassyklady. Bir ojagyň başyna üýşen il mysaly ajaýyp görnüşi ýadyňa salýan «Türkmeniň ak öýünde» geçirilen dostluk konserti goňşuçylyk gatnaşyklarynyň täze derejä göterilendigini hem-de ajaýyp jadyly mukam bolup, uludan dabaralanýandygyny dünýä buşlady.
Dostluk festiwalynyň dowamynda iki ýurduň döredijilik wekilleriniň duşuşygynyň geçirilmegi edebiýatlaryň, medeniýetleriň, göwünleriň ýakyndygyny ýene bir gezek subut etdi. Bilşimiz ýaly, Gündogar edebiýatynyň beýik şahsyýetleri Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşir Nowaýynyň edebi mirasy iki ýurduň halklary tarapyndan uly sarpa goýlup giňden öwrenilýär. Bu bolsa edebi gatnaşyklaryň ebedi gatnaşyklara öwrülýändigini aýdyň görkezýär.
Bu festiwalyň ýokary derejede geçirilmegi iki doganlyk ýurduň medeni gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädim boldy.
Halklaryň baky bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda äleme nusgalyk beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
“Daşoguz habarlary” gazeti
24.11.2022 ý