Golaýda 2025-nji ýyl üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk babatda Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangystau welaýatynyň arasyndaky tassyklanan meýilnama esasynda Balkanabat hem-de Türkmenbaşy şäherlerinde «Garaşsyz Watanym Türkmenistanym — dost-doganlyk, parahatlyk mekanym» ady bilen türkmen-gazak dostluk duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşanlar şäherdäki döwlet drama teatrynda hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda türkmen-gazak dostluk konsertine tomaşa etdiler. Duşuşygyň dowamynda iki doganlyk halkyň taryhyna, medeni-mirasyna degişli sergi guraldy. Sergide türkmen-gazak milli el işleri, muzeý gymmatlyklary, amaly-haşam sungatyna degişli işler görkezildi. Soňra sungat ussatlarynyň, teatr artistleriniň we skripkaçylar toparynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Türkmen we gazak şahyrlarynyň goşgularyna kompozitorlaryň döreden aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.
Şahymerdan Sary ogly, TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň guramaçysy
“Watan” gazeti
22.11.2025 ý