Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Ösüşlere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bolsa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen şöhratlanyp, döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyz yzygiderli dowam etdirilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly eserinde: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi» diýip belleýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamany gaýtadan kabul etdi. Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Indi birnäçe ýyl bäri Bitaraplyk güni diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýä giňişliginde hem baýram edilýär.
Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ynsanperwer daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän döwletimiz üçin global howpsuzlyk ulgamyny goldamak we berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz ählumumy parahatçylygy we abadançylygy gazanmak babatynda wajyp başlangyçlary we teklipleri dünýä bileleşiginiň tagallalaryny bu meseleleri üstünlikli çözmäge gönükdirýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň dünýä ösüşiniň gün tertibinde duran meselelerini halkara hyzmatdaşlygyň esasynda çözmegi özüne maksat edinýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tutanýerli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň barha okgunly häsiýete eýedigi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ýeten sepgitlerinde öz beýanyny tapýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzyň 2022 — 2028-nji ýyllarda daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, BMG bilen özara hyzmatdaşlyk etmek arkaly meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýäde täze medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriniň amal edilmeginden gelip çykýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan belent wezipeleriniň ýokary talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlere tarap üstünlikli ilerlemegine ynamly badalga berer.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şatlyk Gurbandurdyýew, TDP-niň Garaşsyzlyk etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty
“Watan” gazeti
25.11.2025 ý