Şu günler hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de beýleki edaralaryň guramagynda welaýatymyzda baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen dabaraly maslahat hem ruhubelentlige beslenen çäreleriň biri boldy.
Dabaraly maslahatda täsirli çykyşlar diňlendi. Olarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitiň, tutuş dünýäniň halklary üçin ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň barha rowaçlyklara beslenýändigi dogrusynda durlup geçildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy köklerini halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar hem-de häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurdaky nusgalyk tagallalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Maslahata gatnaşanlar hoşniýetlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz alyp barmak bilen, berkarar Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyran hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Owadan sahnany bezän aýdym-sazlar, tans-halk döredijilik çykyşlary dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň kalbyny joşa getirdi. Welaýat Medeniýet müdirliginiň, etraplaryň medeniýet bölümleriniň Medeniýet merkezleriniň aýdym-saz toparlarynyň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň çykyşlarynda milli aýdym-saz sungatymyzyň ösüşleri buýsançly beýanyny tapdy. Tanymal bagşy-sazandalar, tansçylar, sahna ussatlary belent ruhly çykyşlarynda hemişelik Bitarap Watanymyzy, bagtyýar döwrümizi, asuda durmuşymyzy, dost-doganlygy wasp etdiler.
Gülşat Aşyrowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
27.11.2025 ý