Demokratik ösüşiň esasy binýady döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen raýatyň berk sazlaşygyny gazanmakdan ybaratdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň ähmiýetini halka düşündirmekde, wagyz etmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna uly orun degişlidir.
Diýarymyzda birleşdiriji we ugrukdyryjy güýç hökmünde hereket edýän syýasy partiýalar we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň alyp barýan işleri halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygar astynda alyp barýan syýasatyny, öňde goýlan maksatnamalary we beýik tutumlaryny durmuşa geçirmäge, raýat jemgyýetiniň kämil guralmagyna mynasyp goşant goşýar. Ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri hereket edýän syýasy partiýamyz geçen ýyllaryň dowamynda maksatnamalaýyn wezipelere laýyklykda, halkymyzyň syýasy düşünjeliligini ýokarlandyrmak, eziz Watanymyzyň ýeten sepgitlerini, gazanan üstünliklerini wagyz etmek, türkmen jemgyýetinde täze demokratik we hukuk gatnaşyklaryny kemala getirmek ýaly jogapkärli wezipeleri amala aşyrmak bilen, özüniň ornuny has-da pugtalandyrdy.
Şeýle işjeňlik TDP-niň Gubadag etrap komitetine-de mahsusdyr. Häzirki wagtda 97 sany ilkinji partiýa guramalarynda 4337 sany partiýa agzalaryny özünde jemleýän TDP-niň Gubadag etrap komiteti hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işlerini, durmuşa geçirilýän täze başlangyçlaryny halk köpçüligine giňden düşündirmekde netijeli işleri alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden kitaplarynyň many-mazmunyny, baý taryhy maglumatlarynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmekde etrap häkimligi, beýleki jemgyýetçilik guramalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen agzybirlikde wagyz-nesihat çäreleri, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. TDP-niň etrap komiteti tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny dabaralandyrmak maksadynda aýdym-sazly maslahatlaryň, medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellemek gerek.
Şu pursatda TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň agzybir işgärleri bilen ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatyny halka wagyz etmekde mundan beýläk hem döredijilikli zähmet çekjekdigimize ynandyrasymyz gelýär.
Şatlyk Abdyrahymow, TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň başlygy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
27.11.2025 ý