Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. «Bitarap Türkmenistanyň beýik başlangyçlary täze üstünliklerde dabaralanýar» atly maslahaty welaýat häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdy.
Maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan baýram edilýändigi, Watanymyzyň ähli ugurlarda ajaýyp ösüşlere eýe bolýandygy, dünýädäki abraýynyň belende göterilýändigi, hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň gyzgyn goldaw tapýandygy bilen bagly täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilip, Merkezi Aziýa sebitinde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda özüniň ajaýyp netijelerini berýändigini, şeýle-de dünýä bileleşiginiň we iri halkara guramalarynyň giň goldawyna mynasyp bolýandygyny guwanç bilen bellediler.
Maslahatyň barşynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzda giňden ýaýbaňlandyrylan çäreleriň, şol sanda aýdym-sazly dabaralaryň, baýramçylyk maslahatlarydyr duşuşyklaryň, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeliliginiň we täsirliliginiň gazanylýandygy barada hem nygtalyp geçildi. Aýdym-saza beslenip, toý ruhunda geçen maslahata gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň hatyrasyna ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe alyp barýan, şan-şöhratyny arşa göterýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Hesel Nurmämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
04.12.2025 ý