Jemgyýet. Ynsanperwerlik. Zenanlar

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi durnukly ösüş, parahatçylyk, durmuş abadançylygy ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny gözleýär, şunda toplanan tejribelerdir nazarlanýan gözýetimler täzeçe mazmuna eýe bolýar. Bu möhüm işlerde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, olaryň aň-ruhy we jemgyýetçilik mümkinçiliklerini halkara derejede herekete geçirmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän ýörelgeleri zenanyň diňe bir maşgalanyň sütüni däl, eýsem, jemgyýetiň ösüşini üpjün ediji hökmündäki hormat-sarpasyny hem belende göterýär.

Maşgala durnuklylygynyň ruhy binýady, geljek nesilleriň bilim we saglyk mümkinçilikleriniň üpjünçiligi zenanlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň bilen birlikde, olaryň bilimi, ykdysady işjeňligi, jemgyýetçilik başlangyçlary döwletiň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Bu ugurdaky tagallalar halkara hyzmatdaşlygyň hem möhüm ugruna öwrülýär. Zenanlara ählitaraplaýyn goldawy ösüş filosofiýasynyň merkezine çykaran türkmen döwletiniň gender deňligi babatda öňe sürýän başlangyçlary, amal edýän işleri halkara bileleşikde hem goldaw tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ýakyn günlerde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçiriler, onuň bilen ugurdaşlykda sergi guralar. Gahryman Arkadagymyz bu möhüm foruma görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyranda: «Giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Diýarymyzda zenanlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir» diýip belledi. Bu bolsa döwletiň zenanlar baradaky aladasyny, olara uly ynamyny görkezýär.

Häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde ynsanperwer ýörelgeler, haýyr-sahawatly işler barha rowaçlanýar. Ol halkara hyzmatdaşlyk, sosial durnuklylyk we saglyk diplomatiýasy arkaly strategik derejä çykýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu babatda aýratyn orny eýeleýär. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň alyp barýan işleri jemgyýetiň we döwletiň ösüşinde täze gözýetimleri alamatlandyrýar. Daşary ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk, çagalara saglyk hyzmatlarynyň deň elýeterliligi, operasiýa-bejergi hyzmatlarynyň utgaşdyrylmagy, operasiýadan soňky dikeldiş, durmuş üpjünçiligi, psihologik goldaw işleriniň ulgamlaýyn häsiýete eýe bolmagy şunda möhüm ugurlar bolup durýar. Haýyr-sahawat gaznasynyň işi diňe bejeriş-sagaldyş häsiýetli bolman, eýsem, ol halkara hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini, durnukly ösüşi haýyr-sahawat, ynsanperwerlik arkaly gazanmak ýaly asylly maksady özünde jemleýär. Döwletimiz şeýle giň gerimli ynsanperwer işe zenanlary işjeň çekmek bilen, olaryň jemgyýetdäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.

«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljekdiginiň hem özboluşly many-mazmuny bar. Awaza — täze başlangyçlaryň, täzeçe garaýyşlaryň giňişligi. Hazaryň türkmen kenary ýürekdeş duşuşyklaryň mekany, halkara hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer diplomatiýanyň täze merkezi hökmünde bellidir. Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi baradaky teklip syýasy we durmuş üpjünçiligi taýdan aýratyn ähmiýetlidir. Täze şahamçanyň açylmagy halkara maslahatyň işine has çuň mazmun, anyk häsiýet berer. Öňe sürülýän ynsanperwer başlangyçlaryň anyk amallar bilen utgaşmasyna öwrüler.

Giň gerimli işler, halkara hyzmatdaşlykda guralýan iri forumlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelerimiziň halkara derejä çykýandygyny görkezýär. Zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak babatdaky tagallalaryň halkymyzyň gadymy ýol-ýörelgelerinden gözbaş alyp, häzirki wagtda döwlet strategiýasynyň möhüm ugruna öwrülmegi bizi örän buýsandyrýar.

Bibiaýşa Saparowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň bölüm müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy

“Türkmenistan” gazeti

05.12.2025 ý

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -